Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: ABŞ bilen gatnaşyk 'zäherlendi'


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-nyň Moskwa garşy täze sanksiýalary göz öňünde tutýan kanunyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary onlarça ýyllap zäherlejegini duýdurdy we Ukrainanyň “blokdan daşary” bitarap statusyndan el çekmek kararynyň üstünde Kiýewe hüjüm etdi.

Medwedew Facebookda çap eden maglumatynda “kararlaryň ikisi-de örän negatiw netije berer. Biziň ýurdumyz olara reaksiýa görkezer” diýip ýazdy.

18-nji dekabrda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy bilen baglylykda Orsýete garşy täze sanksiýalara rugsat berýän kanuna gol çekdi, emma onuň derhal güýje girizilmejegini aýtdy.

Medwedew ony “Orsýete garşy kanun” diýip atlandyrdy we “biziň Amerika bilen gatnaşyklarymyz onlarça ýyllyk zäherlener” diýdi. Ol Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň Ukrainanyň harby toparlara goşulyşmazlyk statusy barada 2010-njy ýylda kabul edilen kanuny ýatyrmak boýunça geçen hepdede yglan eden çärelerini berk tankyt etdi.

Medwedew Ukrainanyň NATO-nyň düzümine girmek mümkinçiliginiň ony Orsýetiň potensial harby garşydaşyna öwürýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG