Sepleriň elýeterliligi

logo-print

2014-nji ýylda "Google"-de iň köp gözlenen söz "Robin Williams" bolupdyr. Gollywudyň iň meşhur komediýa ussatlarynyň biri bolan Robin Williams awgustda dünýeden ötdi. Ol, internetde gözlenýänleriň arasynda futbol boýunça dünýä bäsleşiginden, Ukrainada urlup ýykylan Malaýziýanyň uçaryndan, eboladan, "Yslam döwletinden" hem has öňe saýlanypdyr.

Has köp gözlenen on sözüň sanawynyň tertibi, ynha, şeýle:

  • Robin Williams
  • World Cup
  • Ebola
  • Malaysia Airlines
  • Flappy Bird
  • ALS Ice Bucket Challenge
  • ISIS
  • Ferguson
  • Frozen
  • Ukraine

"Google"-de aýratynlykda dürli ugurlar boýunça has köp gözlenen sözleriň hasabaty hem açyklanypdyr. Aktrisa Jennifer Lawrens "Şahsyýetler" bölüminde asly ermeni bolan pornoaktrisa Kim Kardashiandan öňe geçip, 1-nji orny eýeläpdir.

Iň köp gözlenen nahar "pitsa" bolupdyr. Iň köp gözlenen piwo "Budweiser", iň köp gözlenen kokteýl içgisi "Margarita", iň köp gözlenen diýeta "Paleo" bolupdyr.

Durnuksyzlygyň höküm sürýän ýurdy bolan Ukraýinada bolsa iň köp gözlenen "Molotow kokteýli" bolupdyr.

Ady iň köp gözlenen sportçular:

  • James Rodriguez
  • Michael Schumacher
  • Ray Rice
  • Luis Suarez
  • Neymar da Silva Santos

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG