Sepleriň elýeterliligi

YD: Aýal-gyzlar jynsy zorluk astynda


Yrakly ýezit zenanlary, 5-nji awgust, 2014

Yrakly ýezit zenanlary, 5-nji awgust, 2014

Amnesty International guramasynyň täze hasabatynda Yragyň ýezit dini azlygynyň aýal-gyzlarynyň geçen tomusda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň eline düşensoň “aýylganç zorluklara”, şol sanda jynsy zorluga sezewar edilýändigi habar berildi.

23-nji dekabrda çap edilen hasabat 40 çemesi öňki zamun bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýar. “Yslam döwletiniň” söweşijileri awgust aýynda Sinjar şäherini basyp alansoň ýezit azlygynyň müňlerçe agzasy zamunlyga düşüpdi.

Amnesty International guramasynyň hasabatynda aýal-gyzlaryň, şol sanda 10-12 ýaşly gyzlaryň gynamalara, zorlamara, mejbury durmuşa çykarylmagyna mejbur edilýändigi we Yrakda hem Siriýada “Yslam döwletiniň” söweşijilerine sowgat hökmünde berilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG