Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Özbek saýlawlary bäsdeşlikli bolmady


Daan Ewerts, ÝHHG
Daan Ewerts, ÝHHG

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlawlara gözegçilik edarasy Özbegistanyň parlament saýlawlarynda hakyky bäsdeşligiň bolmandygyny aýtdy.

22-nji dekabrda ýaýradan beýannamasynda ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň iberen synçylarynyň az sanly missiýasynyň ýolbaşçysy azat we adalatly saýlawlaryň geçirilmegi üçin söz we bileleşmek azatlygynyň zerurdygyny aýtdy.

21-nji dekabrda geçirilen saýlawlar “kämil guramalaşdyrylan hem bolsa, hakyky saýlaw bäsdeşligi we çekeleşikler ýetmezçilik etdi”, diýip Daan Ewerts aýtdy.

Özbegistanyň parlamentiniň 150 orunlyk aşaky öýüniň 135 ornuna dalaş eden dört syýasy partiýanyň ählisi prezident Yslam Karimowy goldaýar. Galan 15 orun hökümete tarapdar Ekologiýa hereketine göni geçýär. Sowet Soýuzy dargaly bäri häkimiýet başynda galýan Karimowyň hökümeti adam hukuklaryna hormat goýmazlykda we dissidentlere çydamsyzlykda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG