Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“YD” “koalisiýanyň” uçaryny aşak gaçyrdy


“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Siriýada Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa degişli diýlip ynanylýan uruş uçaryny urup aşak gaçyrdy. Bu barada synçy topar habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň berýän maglumatyna görä, uçar 24-nji dekabrda Rakka şäheriniň golaýynda urlup aşak gaçyrylypdyr. Rakka şäheri “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda öz-özüni ykrar eden paýtagtydyr.

Synçy toparyň maglumatynda urlup aşak gaçyrylan uruş uçarynyň Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa degişlidigi aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda uçardaky arap pilotyň ele salnandygy bellenilýär.

“Rakka Media merkezi” atly beýleki bir synçy toparyň maglumatynda pilotyň iordaniýalydygy öňe sürülýär.

Sentýabr aýynda Birleşen Ştatlar we onuň arap ýaranlary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy howa zarbalaryny başladypdy.

XS
SM
MD
LG