Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Hüjümde 22 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdadyň golaýynda janyndan geçen bombaçy hökümete tarapdar sünni ýaragly toparyň arasynda özüni partlatdy. Bu hüjümiň netijesinde 22 adam öldi.

24-nji dekabrda edilen hüjümde ölenleriň arasynda sünni ýaraglylar we yrakly esgerler bar. Şol bir wagtyň özünde wakanyň netijesinde başga-da onlarça adam ýaralandy.

Wakanyň bolan pursady, hökümetiň tarapynda çykyş edýän ýaraglylar öz aýlyk haklaryny almak üçin Madain şäherçesindäki harby bazada ýygnanypdyrlar.

“Sahwa” ýa-da “Oýanyş geňeşi” diýen at bilen tanalýan ýaragly toparlar hökümete tarapdar sünni ýaraglylardan düzülendir.

XS
SM
MD
LG