Sepleriň elýeterliligi

Ýurduň hökümet ýygnaklarynda hususy telekeçiligi ösdürmek ugrunda köp tagalla edilýändigi yzygiderli nygtalýar. Dekabryň 19-na geçen hökümet maslahatynda hem bu barada aýdyldy. Şol ýygnakda prezident G.Berdimuhamedow hususy telekeçiligi mundan beýläk-de goldamak boýunça hem netijeli işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Emma häkimiýetleriň bu ugurdaky edýän çykyşlary bilen bir hatarda, şu ýylyň dowamynda ýurduň hususyýetçileri resmileriň girizen dürli çäklendirmeleri bilen hem ýüzbe-ýüz boldular. Geliň, şeýle gadagançylyklaryň käbirini ýatlap geçeliň.

Hususy dükanlar

Eýýäm şu ýylyň başynda, ýagny 2014-nji ýylyň fewral aýynda paýtagtyň kommersiýa dükanlarynyň sagat 23.00-a çenli işlemegi gadagan edildi. Şol düzgüne görä indi kommersiýa dükanlary diňe sagat 22.00-a çenli işläp bilýärler.

Şeýle-de fewral aýynda Aşgabadyň azyk önümlerini satýan käbir döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarynda barlag işleri geçirildi. Bu barlaglaryň başlanmagyna nämäniň sebäp bolandygy hakda resmi çeşmelerde hiç hili maglumat berilmedi. Emma onuň netijesinde paýtagtdaky larýok görnüşli kommersiýa dükanlaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy. Ýogsa, bu dükanlaryň köpüsi häkimiýetleriň öň talap edişleri ýaly, ak plastik materialdan gurlan larýoklardy.

Kommersiýa dükanlary diňe bir paýtagtda däl, eýse onuň golaýyndaky obalarda, şol sanda Gypjak, Buzmeýin ýaly ilatly punktlarda-da ýapyldy.

"Bedew"

Ýylyň maý aýynda bolsa paýtagtyň Bedew ýaşaýyş massiwindäki gurluşyk materiallary satylýan dükanlaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy. Bu söwda nokatlaryny ýapmak barada maý aýynyň başlarynda tabşyryk berlipdir. Satyjylar ýerli häkimlik tarapyndan görlen bu çäräniň ýaşaýyş jaýlarynda dükan açmagyň rugsat edilmeýändigi bilen düşündirilýändigini, emma özlerinde şeýle söwda nokatlarynyň işlemegine resmi rugsatnamalarynyň bardygyny aýdýarlar.

Häzirem bu ýerdäki gurluşyk harytlary dükanlary ýapyk dur. Olaryň käbirleriniň gapysy kerpiç örülip, ýörite beklenen.

Ýylyň sentýabr aýynda bolsa paýtagtyň içinden geçýän demirýoldan gaýradaky hususy dükanlar ýapyldy. Ýerli häkimiýetleriň wekilleri bu ýerlerdäki hususy bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köçe tarapyndaky otaglarynda ýa-da şol jaýlaryň howlularynda açylan hususy dükanlaryň ýapylmagyny talap edip, ýörite aýlanyp çykypdyrlar.

"Parahat" mikroraýonyndaky dükanlar

Oktýabr aýynda bolsa paýtagtyň Parahat 1-2-3-4-nji mikroraýonlarynda 100-den hem köp kommersiýa dükanlary ýapyldy. Parahat mikroraýonynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde ýa-da ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän bu dükanlaryň ählisinde diýen ýaly söwda işlerini alyp barmak üçin zerur dokumentleri bar.

Emma, muňa garamazdan, Köpetdag etrabynyň polisiýa işgärleri bu mikroraýondaky dükanlara aýlanyp, olaryň gapylaryny möhürläp, ýapyşdyryp çykdylar. Dogry, birnäçe günden soň bu dükanlar ýaňadan açyldy. Emma olaryň ilki näme üçin ýapylandygy belli bolman galdy.

Hususy mikroawtobuslar

Şu ýylyň dowamynda awtoulag we awtoulag hyzmaty bilen bagly hem birnäçe gadagançylyklar girizildi. Maý aýynyň başynda Aşgabat bilen Gökdepe aralygyndaky obalara gatnaýan hususy mikroawtobus taksileriň gatnawy ýatyryldy.

Şäheriň daşyna gatnaýan hususy mikroawtobuslar bilen birlikde Aşgabadyň öz içinde gatnaýan 10-njy, 13-nji, 22-nji, 32-nji marşrutlar boýunça hereket edýän hususy taksi mikroawtobuslaryň gatnawy hem ýatyryldy.

Mundan başga-da, mundan öňki girizilen gadagançylyklaryň käbirleri hem dowam edýär. 2012-13-nji ýyllarda hökümet tarapyndan et söwdasyna girizilen gadagançylyklar häzirem dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, häkimiýetler elin etiň bir kiloramynyň bahasyny 11-12 manatdan ýokary satmagy gadagan edensoňlar, bazarlarda et satýan hususy söwdagär galmady.

2013-nji ýylda hususy diş lukmanlarynyň işlemegine girizilen gadagançylyk hem dowam edýär. Häzirki wagtda şol lukmanlar ýarym legal ýagdaýda işleýärler. Şu ýyl bolsa ozal stomatologiýa serişdelerini ýurda getiren hususy telekeçilerden ýörite lisenziýa soralyp başlandy. Şol sebäpli hem gürrüňi gidýän serişdeleriň üpjünçiliginde bökdençlikler peýda boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG