Sepleriň elýeterliligi

logo-print

2014-nji ýylyň jüpüne düşmedik sözleri


Ukraina, Oleksiý Kustowskiniň çeken suraty, 2014 ý.

Ukraina, Oleksiý Kustowskiniň çeken suraty, 2014 ý.

2014-nji ýylda erbet habar bol boldy. Ukraina, Siriýa, ebola, «Yslam döwleti», «Boko Haram» toparlary, Günorta Koreýadaky gämi heläkçiligi. Geliň indi 2014-nji ýylyň gülkünç wakalaryna, mysal üçin, tanymal adamlaryň aýdan sözi ýa-da eden hereketi bilen bagly gelşiksiz ýagdaýa düşen halatlaryna göz aýlalyň.

'Şäherde geý ýok'

2014-nji ýylyň Gyş Olimpiýasynyň öňüsyrasynda, Orsýetiň Soçi şäheriniň häkimi Anatoliý Pahomow BBC-ä beren interwýusynda bu şäherde gomoseksuallaryň ýokdugyny aýtdy. Ol geýleriň hem Gyşky Olimpiýa gatnaşmagy üçin gapylaryň açykdygyny aýdyp, "biziň şäherimizde beýle adamlar ýok" diýdi.

Rodmanyň gykylygy

NBA-nyň dyzmaç oýunçysy Dennis Rodman ýanwarda CNN bilen söhbetdeşlikde amerikan missioneri Kenneth Baýe Demirgazyk Koreýada aýyplama bildirmezden tussag edilenini esaslandyrjak bolup, bir ýalňyşlyk etdi diýjek boldy. "Kenneth Baýe bir iş etdi… Siz onuň näme edenine düşündiňizmi?" Rodman gygyrdy. Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Any «söýýändigini» aýdan Rodman özüniň Baýe nähili iş etdi diýip pikir edendigini hiç wagt anyklaşdyrmady. Soň ol öz aýdan sözleri üçin ötünç sorady we şol wagt içgili boladygyny aýtdy. Baýe Phenýan tarapyndan 8-nji noýabrda azat edildi.

Baýdeniň oňaýsyzlyklary

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden hem özüniň oňaýsyz hereketleri bilen meşhurlyk gazanan syýasatçy. Ol 2014-nji ýyly hem lapykeç etmedi. Baýden sentýabr aýynda daşary ýurtlarda gulluk edýän harby erkekleri we aýallary aňtaýan betpygyl bankirleri nazara alyp, olary «şeýloklar» (antisemit aňlatma) hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol biraz soň munuň o diýen jüpüne düşmedik söz bolandygyny boýun aldy. Şeýle-de ol Birleşen Arap Emirlikleriniň täç geýdirilen şazadasyna, Saud Arabystanynyň daşary işler ministrine, Türkiýäniň prezidentine jaň edip, BAE-niň we Saud Arabystanynyň Siriýadaky «Al-Kaýdany» we «Al-Nusra frontuny» goldamagy, Ankaranyň daşary ýurtly söweşijilere Siriýa geçmäge ýol berşi bilen bagly aýdan sözlerini «aýdyňlaşdyryp», ötünç soramaly boldy.

Ak tamyň sözçüsi Joş Irnestiň ornunda bolup, Baýdeniň köp sanly ýalňyş beýanatlaryny Ak tamyň metbugat korpusynyň öňünde tasa getirmeli bolmanyňa şükür edäýmeli.

'Hormat' ýok

Baýdeniň başlygy, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hem bu ýyl öz garşysyndakylaryň gözlerini tegeleden oňaýsyzlyklardan halas bolup bilmedi. Ol Siriýadaky «Yslam döwletine» garşy söweşmek üçin «entek biziň strategiýamyz ýok» diýen boýun almasy bilen ullakan tupana sezewar boldy. Şeýle-de ol tanymal aýdymçy Aretha Frankliniň hormatyna sözlän sözünde "respect" (hormat) sözüni ýalňyş aýdyp, şeýle-de Ak tamyň Instagramda ýerleşdirilen gysga wideo klibinde harby deňiz güýçleriniň esgerleriniň hormatyna elindäki kagyz kofe gaby bilen salýut berip, respublikanlar tarapyndan “sylag-hormatsyzlykda» aýyplandy.

Patyşalyk «myrryldysy»

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron patyşa alýa Elizabet II barada aýdan sözleriniň ile ýaýranyna «örän gynanandygyny» we munuň üçin «oňaýsyz ýagdaýa düşendigini» aýtdy. Kameron Nýu-Ýorkuň ozalky meri Maýkl Blumberge aýdan sözleri, ýagny şotlandiýaly saýlawçylaryň garaşsyzlyk baradaky referendumda «ýok» diýp ses berendiklerini aýtmak üçin telefon edende, şa aýalyň «liniýanyň aňry çetinde myr-myr edendigi» baradaky belligi üçin utanmaly boldy. Sebäbi onuň bu sözleri ýazga düşüpdir.

'Sen indi meni eşidýäňmi?'

Seniň ýene bir eşitmeli däl habaryň ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland bilen Birleşen Ştatlaryň Kiýewdäki ilçisi Geoffrey Pyattyň arasynda bolan diýip ynanylýan hususy telefon gürrüňi. Bu gürrüň fewral aýynyň başlarynda, Nuland ABŞ-nyň ukrain krizisini çözmeklige çözgüt gözleşmek tagallalaryna ýolbaşçylyk edýän wagty syzyp çykdy. Ýazgy edilen sesde Nulandyňka meňzeş bir sesiň "F**k the EU" diýýäni eşidilýär. Bu sesiň Nulanda degişlidigi hiç wagt tassyk edilmedi, emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Nuland ÝEB-däki kärdeşleri bilen aragatnaşykda boldy diýdi we, elbetde, habar berlen kommentler üçin ötünç sorady.

Oňlanmadyk ylalaşyk

Ukrainanyň Witaliý Klitçkosy we beýleki oppozisiýa liderleri 21-nji fewralda şol wagtky prezident Wiktor Ýanukowiç bilen krizisden çykmaga gönükdirilen, emma Ýanukowiçe 2014-nji ýylyň aýagyna çenli häkimiýetde galmaga ýol berýän ylalaşyga gol çekenlerinde, belki-de, gowy iş edendirin öýdendirler. Emma Maýdandaky protestler möwjedi we 26 ýaşly Wolodimir Parasýuk sahna çykyp, Klitçkony we beýlekileri «ganhor bilen el gysyşmakda» aýyplady. Ýanukowiç, belki-de gaharly protestçileriň çykyşlaryndan dowla düşüp, şol gije paýtagtdan gaçdy. Klitçko biraz soň Maýdana dolanyp gelip, Ýanukowiç bilen el gysyşany üçin ötünç sorady.

Gitler üstündäki dawa

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini, Kryma rus goşunyny ibermek we biraz soň anneksiýa etmek bilen baglylykda, Gitlere deňemekde azyndan iki tanymal şahsyýet oňaýsyz ýagdaýa düşdi.

Britaniýanyň şazadasy Çarlz, aýdylmagyna görä, Ikinji Jahan urşundan aman gutulan bir ýewreý bilen hususy söhbetdeşlikde «Putin hem edil Gitleriň eden zadyny edýär» diýdi. Orsýetiň Londondaky ilçihanasy bu sözleriň «gözçykgynçdygyny» aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň ozalky birinji hanymy, 2016-njy ýylyň çak edilýän prezidentlige kandidaty Hillari Klinton serişde toplamaklyga bagyşlanan ýapyk çärede Putiniň Krymy anneksiýa etmekdäki tutarygy, ýarym adadaky etniki ruslary goramaklyk barada söz açyp, «bu 30-njy ýyllarda Gitleriň eden zadyna çalymdaş görünýär" diýdi. Biraz soň ol öz aýdan sözlerini anyklaşdyrdy, men göni deňeşdirme getirmeýärin, emma ozal ulanylan şu hili taktikadan öwrenilmeli zatlaryň bardygyny öňe sürýärin diýdi. Putin Klintonyň sözleri barada soralanda özüne hiç hili eglişik etmedi, «aýal bilen dawalaşmazlykdan gowusy bolmaz» diýdi.

Mugyra gelmedik hyzmatdaş

Fewralyň aýagynda Orsýete gaçan we işden gyrakladylan prezident Wiktor Ýanukowiç, Don boýundaky Rostowdan beren interwýusynda, Ukraina barada gürrüň edip, bu krizisi çözmekde Orsýetiň roly baradaky soraga şeýle jogap berdi: "Ukraina biziň strategiki partnýorymyz. Ol şeýle boldy, şeýle we hemişe-de şeýle bolar."

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG