Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Meredow 'okeý' bilen çäklenýär"


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (öňki planda)
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (öňki planda)

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýände aýyplanyp, dekabr aýynda uzak möhletli türmä basylan adamlaryň köpüsiniň ykbaly şu günki güne çenli näbelliligine galýar.

Azatlyk Radiosynyň direktory Muhammad Tahir bu adamlaryň ykbaly boýunça hukuk goraýjy toparlaryň tagallasy bilen alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, Birleşen Ştatlaryň Kongresindäki Helsinki komissiýasynyň syýasy geňeşçisi Janice Helwig bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň Helsinki komissiýasy hökmünde siz Türkmenistanda 2002-nji ýylyň noýabrynda prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän bilen bagly tussag edilen adamlaryň ykbaly bilen hem gyzyklanyp gelýärsiňiz. Bilşimiz ýaly, ol adamlaryň köpüsi şol ýylyň dekabrynda tussag edilip, türkmen türmelerine basyldy. Şondan bäri olaryň köpüsiniň soňky ykbaly belli bolman galýar. Türkmen häkimiýetleriniň bu adamlaryň ykbaly baradaky esasy soraga jogap bermegi üçin alnyp barylýan kampaniýanyň soňky täzelikleri barada näme aýdyp bolar?

Janice Helwig: Meniň ilki aýtmak isleýän zadym bu iş babatda informasiýa we informasiýa azatlygynyň ýoklugy bilen bagly. Şol wagt, 2002-nji ýylyň dekabr aýynda, gürrüňi edilýän adamlaryň tussag edilen wagty hem hakykatda nämeleriň bolýandygy barada hiç hili informasiýa alyp bolmandygy meniň ýadymda. Bu şu günki güne çenli hem, köplenç ýagdaýda, şeýleligine galýar. Sebäbi bu iş boýunça žurnalistleriň taýýarlan maglumatlary ýa-da tussag etmelerdir sud prosesleriniň amala aşyrylyşy barada jemgyýetçilik ýazgysy bolmady diýen ýaly.

Onsoň bu şol ýagdaýyň şu günem dowam edýändigini görkezýär. Soňky täzelikler näme diýen sorag barada aýdylanda, biziň komissiýamyzyň başlygy, senator Benjamin Kardeniň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň golaýda Şweýsariýada daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen duşuşykdan soň çap eden pres-relizini görüp bilersiňiz.

Ol häzir, Türkmenistanyň ÝHHG-daky şindiki ilçisi ministrleriň duşuşygynda çykyp gürleýän wagtynda, biziň bu wezipede öň işlän türkmen ministri Batyr Berdiýewiň ykbaly barada hiç bir zat bilmezligimiz juda gaýgyly diýdi. Ýagny bu işde henizem aýdyňlyk, açyklyk we informasiýa ýok we bu bir ynsanperwerçilik meselesi hem bolup durýar. Sebäbi maşgalalaryň öz ezizleriniň nirededegini bilmegi gerek.

Azatlyk Radiosy: Siz ýokary derejeli türkmen resmileri bilen duşuşyp, şu meseläni gozgamak mümkinçiligine eýe bolan bolmaly. Haçanda siz şu adamlaryň ykbaly baradaky meseläni gozganyňyzda, olardan nähili jogap alyp bildiňiz?

Janice Helwig: Biz hakykatda golaýda bu hili mümkinçilige eýe bolmadyk, men özümiziň Kongresdäki Helsinki komissiýamyz, ýaňy agzan daşary işler ministrleri derejesindäki duşugym barada aýdýaryn. Ol ýerde ýokary derejeli türkmen resmisi bolmady, diňe Türkmenistanyň Wenadaky, ÝHHG-daky ilçisi boldy. Ozal, haçanda kongres agzalary bu meseläni galdyranlarynda, şol sanda daşary işler ministri Meredowdan, biz hakykatda anyk bir jogap alyp bilmedik. Diňe ol adamlar «okeý», ýa-da olar türmede, terrorçy we olar barada gürrüň edilmeli däl diýen ýaly jogaplary aldyk.

Men biziň kongres agzalarymyzyň bu mesele barada köp ýyl bäri, hakykatda 2003-nji ýyldan bär prezidente we daşary işler ministri Meredowa hat ýazýandyklaryny aýdyp biljek. Mende daşary işler ministri Meredowyň 2006-njy ýa-da 2005-nji ýylda ýazan bir haty hem bar, onda biziň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyna-da, şol türmedäki adamlaryň ýanyna-da sapar edip biljegimiz aýdylýar. Men ol ahyry bir gün bu wadasynda tapylar diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bize mälim bolşuna görä, hökümetden aýry guramalaryň bir topary şu tussaglaryň ykbaly barada bir kampaniýa alyp barýar. Helsinki komissiýasynyň bu meseledäki indiki ädimi näme bolar? Siz geljekde nämeler etmekçi?

Janice Helwig: Hökümetden aýry guramalaryň, raýat jemgyýetiniň bu meseläni galdyrmagy gowy zat, biz bu meseläni gozgap, ol adamlaryň ykbaly barada gürrüň edýäris. Biziň edip biljek zadymyz bu meseläni gozgap, Türkmenistanyň hökümetine ol adamlaryň nirede saklaýandyklary, olaryň diridigi ýa däldigi barada anyk jogap alýançak sorag berip durmakdan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Soňky soragymyz şeýle, türkmen türmesinde ýiten diýilýän adamlaryň käbir garyndaşlarynyň hem Azatlyk radiosyndan şu söhbetdeşligi diňlemegi mümkin. Siz şolara näme aýtmak islärdiňiz?

Janice Helwig: Meniň olara aýtmak isleýän zadym şu – olaryň maşgala agzalary we ezizleri unudylanok, biz olaryň nirede saklanýandygyny, nähili ýagdaýdadygyny, diridiklerini ýa däldiklerini anyklamak üçin işlemegi dowam etdireris, biz muny anyklaýançak durmarys.

Söhbetdeşligi iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG