Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly söweşijiniň tussaglyk möhleti uzaldyldy


“Laşkar-e-Jangwi” toparynyň ýolbaşçysy Malik Işak.

“Laşkar-e-Jangwi” toparynyň ýolbaşçysy Malik Işak.

Pakistanda gadagan edilen ekstremist toparyň ýolbaşçysy ýene iki hepde tussaglykda saklanar. Adam öldürmek işi bilen baglanyşykly tussaglykda saklanylýan Malik Işagyň (Malik Ishaq) 25-nji dekabrda türmeden boşadylmagyna garaşylýardy.

Pakistanyň polisiýasy “Laşkar-e-Jangwi” toparynyň ýolbaşçysy Işagyň tussag edilendigini we Multan şäherinde saklanýandygyny habar berdi.

Işak Yslamabat terrorçylyga garşy göreş çärelerini güýçlendiren mahaly tussag edildi. Pakistanda terrorçylyga garşy göreş çäreleri ýurduň Peşawar şäherindäki harbylara degişli mekdebe edilen hüjümden soň güýçlendi.

157 adamyň ölümine sebäp bolan şol hüjümiň netijesinde Pakistan terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizlen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrdy.

XS
SM
MD
LG