Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin wodkanyň bahasyny bir nyrhda saklamagy tabşyrdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurtda ykdysady krizisiň ýaramazlaşýan mahaly, hökümete wodkanyň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak barada tabşyryk berdi.

24-nji dekabrda Putin hökümet resmileri we regional häkimler bilen geçiren ýygnagynda wodkanyň bahasynyň ýokarlanmagy bikanun we howply alkogollary sarp etmäge itergi berdi diýdi.

Russiýa 1998-nji ýyldan bäri iň ýaramaz ykdysady krizisi başdan geçirýär. Dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagy we günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalary sebäpli rus rublynyň hümmeti pese gaçdy.

Şu ýyl Russiýada ýyllyk inflýasiýanyň 10%-den aşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG