Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: 'Iordan uçaryny YD urmady'


Siriýa, YD söweşijisi ýykylan uçaryň böleklerini görkezýär. 24-nji dekabr, 2014 ý.
Siriýa, YD söweşijisi ýykylan uçaryň böleklerini görkezýär. 24-nji dekabr, 2014 ý.

Birleşen Ştatlaryň harbylary Iordaniýanyň Siriýada ýykylan söweş uçarynyň YD jeňçileri tarapyndan urulmandygyny aýdýarlar.

Iordaniýanyň «F-16» uçary 24-nji dekabrda demirgazyk-gündogar şäher Rakkanyň, ekstremist toparyň mesgeniniň golaýynda ýitdi.

«Yslam döwleti» toparynyň wagzyny edýän websaýt bu uçaryň sürüjisi diýlip tanadylan 26 ýaşly Mu'ath Safi Yousef al-Kaseasbehiň birnäçe suratyny çap etdi.

YD jeňçileri özleriniň bu uçary gyzgynlyk gözleýän raketa bilen urup ýykandyklaryny aýtdylar.

Iordaniýanyň ýaragly güýçleri we Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesi ekstremist toparyň ýykylan uçaryň sürüjisini ýesir alandygyny tassyk etdi.

Emma amerikan harbylary subutnamalar uçaryň urlup ýykylmandygyny açyk görkezýär diýdi.

Şeýle olar YD toparynyň uçar betbagtçylygyny öz maksatlary üçin ulanjak bolmaklary bilen ylalaşyp bilmejeklerini aýtdylar.

Emma olar uçaryň näme sebäpden ýykylandygyny welin aýtmadylar.

Iordaniýanyň goşuny Iordaniýa pilotyň howpsuzlygy we jany üçin YD toparyny we onuň goldawçylaryny jogapkär tutar diýdi.

"Alla ýüregiňize rehim salsyn!"

Şu aralykda Kasasbehiň kakasy, iordan gazetleriniň üsti bilen, YD toparyna ýüzlenme çap etdi.

"Alla siziň ýüregiňize rehim salsyn we siz meniň oglumy azat ediň" diýip, ol aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun iordan pilotyna halkara ynsanperwerçilik kanunlary esasynda çemeleşilmegine çagyrdy.

Bu Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Siriýanyň territoriýasynda sentýabr aýynda YD nyşanalaryna garşy zarba urup başlaly bäri ýitiren ilkinji uçarydyr.

Iordaniýanyň harby howa güýçleri, Birleşen Ştatlar, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Bahreýn soňky üç aýda bu ýurtda ýüzlerçe howa zarbasyny urdy.

YD söweşijileri ozal Yragyň we Siriýanyň hökümetleriniň uçarlaryny urup ýykypdylar.

Goňşy Yrakda, paýtagt Bagdadyň golaýynda bir janyndan geçen bombaçy hökümetçi sünni milisiýasynyň wekilleriniň arasynda özüni partladyp, azyndan 24 adamy öldürdi.

24-nji dekabrda bolan partlamada sünni milisiýasynyň söweşijileri bilen yrak esgerleri hem öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Bu partlama milisiýa agzalarynyň, aýlyklaryny almak üçin, Madaýn şäherindäki harby baza gelen wagty boldy.

Ozallar şunuň ýaly hüjümler YD tarapyndan gurnalan hem bolsa, bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG