Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Belarus türkmen serhedini berkidip biler'


Mileks 2014, ýaragyň we harby enjamlaryň 7-nji halkara sergisi, Minsk
Mileks 2014, ýaragyň we harby enjamlaryň 7-nji halkara sergisi, Minsk

Ýaňy-ýakynda Belarusyň Döwlet harby-senagat komitetiniň resmi topary Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda harby-tehniki hyzmatdaşlyk meselesini maslahat etdi. Resmi maglumatlara görä, duşuşyklaryň çäginde Belarus Türkmenistana öz harby önümlerini hem hödürledi. Häzirki wagtda, Türkmenistan öz Owganystan bilen aradaky serhediniň goragyna ünsüni artdyrýarka, Belarus serhet gözegçiligi üçin Türkmenistana nämeleri hödürläp biler?

Azatlyk Radiosy Minskde ýerleşýän harby bilermen Alýaksandr Alesin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Owganystan bilen serhediniň goragyna ünsi artdyrýarka Belarus serhet gözegçiligi üçin Türkmenistana näme hödürläp bilýär?

Alýaksandr Alesin: Belarusyň Türkmenistana pilotsyz uçarlary hödürleýändigi barada gürrüň edipdik. Häzirki wagtda Belarusyň serhet goşunlarynda döwlet serhedine gözegçilik we syn etmek üçin pilotsyz uçarlar giň derejede ulanylýar. Bu diňe bir pilotsyz uçarlar däl, Belarus häzir pilotsyz dirižabl gurallaryny hem öndürýär. Bu gurallar radiolokatorlary we ýylylykly nyşanlary anyklamaga mümkinçilik berýän optiki kameralary howa galdyrmaga we örän uly giňişliklere kontrol etmäge mümkinçilik berýär, möhüm ýeri olar örän ownuk detallary hem anyklamaga ukyply. Bu Türkmenistan üçin örän aktual diýip pikir edýärin. Bizde pilotsyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen hatda tokaýda kömelek çöpläp ýörkä azaşan adamlar ýa-da ýiten çagalar hem gözlenilýär. Şeýle gurallar diňe bir toparlaryň däl-de, aýrybaşga adamlaryň-da edýän hereketlerini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Çölde, tokaýlarda we düzlüklerde uçýan apparatlar has netijeli.

Azatlyk Radiosy: Alýaksandr, agzan apparatlaryňyz Belarusyň döreden önümimi?

Alýaksandr Alesin: Bu Belarusyň oýlap tapyp, döreden önümi. Olar Ylymlar akademiýasynyň bazasynda döredilýär we awiaremont zawodlarynda ýasalýar. Belarusda şeýle önümleri öndürýän azyndan bäş kärhana bar, olar hatda pilotsyz dikuçarlary hem öndürip satýar. Olar Belarusyň öz goşunynyň düzüminde-de ulanylýar, daşary ýurtlara-da giň gerimde satylýar. Meselem, Belarusda GDA-nyň giňişliginde iň gowy pilotsyz dikuçarlary öndürýän kärhanalar bar, olar howada saklanyp, derýalaryň akymlaryna we dag jülgelerine girip, näme bolup geçýändigini jikme-jik anyklap bilýärler. Şeýle gurallar az sanly adamlar bilen uly serhede gözegçilik etmäge we serhediň gözegçiliginiň hilini çürt-kesik güýçlendirip, ýurduňy serhet bozujylaryň öz territoriýaňa girmeginden goramaga mümkinçilik berýär.

Bu zatlardan başga-da Belarusda adamlaryň edýän hereketlerini yzarlamaga mümkinçilik berýän radiolokatorlar öndürilýär. Uzakdan işledilýän robotlar hem bar, olar diňe bir gözegçilik we anyklamak üçin ulanylman, zarba urmaga-da ukyply. Olar görkezilen nyşany oka tutup bilýär. Bu gural häzir Belarusda synagdan geçýär. Belarus hemme ýerde ýöreýän awtoulaglary hem öndürýär, olar esasan serhet goşunlary üçin satyn alynýar. Meniň pikirimçe, Belarusyň agzalan önümleri Türkmenistan üçin peýdaly bolup bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Alýaksandr, sizde Belarus bilen Türkmenistanyň harby-tehniki hyzmatdaşlygynyň häzirki möçberini görkezýän sanlar barmy?

Alýaksandr Alesin: Men Belarusyň Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň harby-zenit raketa kompleksleriniň täzelenmegine giňden gatnaşandygyny bilýärin. Bu işi belarus-orsýet harby-goranyş kompaniýasy amala aşyrdy. Bu ilkinji nobatda S-125 kysymly zenit raketa kompleksine degişli. Türkmenistanyň harby paradynda bu tehnikanyň nusgalary görkezildi. Belarusyň Türkmenistan üçin radiolokatorlary we radioelektron göreş serişdelerini täzelemek işlerini hem geçirendigini bilýärin. Bu işleriň möçberi barada aýdylanda, bu döwlet syry hasaplanýar, emma onuň onlarça million dollardan başlap, ýüzlerçe million dollara çenli ýetýändigini çak etmek mümkin.

XS
SM
MD
LG