Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň daşary syýasat synaglary


Sirýa, Rakkanyň köçelerinde YD-nyň plakaty asylgy, 29-njy oktýabr, 2014.

Sirýa, Rakkanyň köçelerinde YD-nyň plakaty asylgy, 29-njy oktýabr, 2014.

2014-nji ýyl Ukrainda, Siriýada we Yrakda möwjän konfliktler, ebola başagaýlygy, Orsýetde dörän ykdysady çöküş bilen häsiýetlendi we Birleşen Ştatlar üçin hem bir topar daşary syýsat synagyny döretdi.

Has dogrusy, Obama adminstrasiýasy 2014-nji ýylda özüni Birleşen Ştatlaryň harby we ykdysady kuwwatyny dünýäniň çar künjeginde turan ýangynlary öçürmäge gönükdirmeli eden daşary syýasat krizisleri bilen ýüzbe-ýüz boldy.

«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri ýanwar aýynda Yragyň Falluja şäherini eýelände, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama jyhadçylaryň täze toparçagyny «Al-Kaýda» bilen deňeşdirilende ikinji, ýagny esasy däl ýygynçak hökmünde häsiýetlendirdi.

Jeňçilik howpy

Emma YD alty aý soň Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly basyp aldy we ony şindem kontrolda saklaýar. Prezident Obama şondan üç aý soň «zalymlygy bilen saýlanan topary» ýok etmegi wada berdi we, eger togtadylmasa, olaryň Birleşen Ştatlara hem wehim salyp biljegini duýdurdy.

Jeňçi toparyň garaşylmadyk ýerden ýokary galmagy bilen bir hatarda, Obama adminstrasiýasynyň 2014-nji ýylda boýlamaly bolan daşary syýasat suwlarynyň arasynda Ukrainadaky gyzgyn uruş, Orsýet bilen täze sowuk uruş gepleşikleri, Siriýadaky raýat urşy we ynsanperwelik krizisi, Ysraýyl-Palestina gatnaşyklaryndaky soňy görünmeýän ötük hem bar.

YD jeňçileriniň ýokary galmagy Obama adminstrasiýasynyň Siriýada möwjeýän raýat urşuna çemeleşmesini hem çylşyrymlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu adminstrasiýa Başar Assadyň, müňläp raýatyny rehimsiz öldürendigi üçin, kanuny durumuny ýitirendigini öňe sürýär.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel oktýabrda Assadyň ABŞ-nyň YD jeňçilerini nyşana almagyndan belli derejede peýda görýändigini, sebäbi olaryň, ýagny YD jeňçileriniň Assadyň goşunlary bilen hem söweşýändigini boýun aldy.

Birnäçe hepde soň Obama Waşingtonyň YD güýçlerine garşy söweşi Assad bilen utgaşdyrmagyň pikirini etmeýändigini aýtdy.

“Bu ýerde biziň haýsydyr bir esaslarda Assad bilen ýaranlyga girmegimize garaşmak bolmaz. Ol bu ýurtda ynamdar däl” diýip, Obama aýtdy we öz adminstrasiýasynyň Assady gyraklatmagyň maslahatyny etmeýändigini sözüne goşdy.

Sowan gatnaşyklar

Ýöne 2014-nji ýyl Birleşen Ştatlaryň, Siriýadaky we we Yrakdaky, Ukrainadaky gyzgyn konfliktlerden başga, Orset bilen gatnaşyklarynda hem bu golaýda görülmedik sowuklyk döretdi.

Orsýet bilen “gaýtadan başlamak» diýilýän syýasat Obamanyň prezidentliginiň ilkinji möhletinde, pesinden prezident Wladimir Putin 2012-nji ýylda, dört ýyllyk premýer-ministrliginden soň Kremle gaýdyp geleli bäri, çarkandaga uçrapdy.

Emma fewral aýynda, Kiýewde we beýleki uly şäherlerde bolan halk protestleri esasynda, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň, Kremliň ýaranynyň wezipesinden gyrakladylmagy bilen bagly tapgyrlaýyn wakalar amerikan-rus gatnaşyklarynyň derejesini Sowuk uruş döwründen bäri görülmedik peslige gaçyrdy.

Kreml mart aýynda Ukrainanyň Krym territoriýasyna girip, ony anneksiýa etdi we şondan soň ukrain goşunlary bilen orsýetçi separatistleriň arasynda söweş turdy. ABŞ, ÝB we ukrain resmileri Moskwany bu söweşi goldamakda aýyplaýarlar.

Aprelde ukrain goşunlary bilen separatistleriň arasynda başlanan söweşden bäri gündogar Ukrainada 4600-den gowrak adam öldürildi. BMG-niň resmileriniň maglumatlaryna görä, bu konflikt ýurt içinde ýarym milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden gaçyp çykmagyna getirdi, ýüz müňlerçe adam başga ýurda gaçmaga mejbur boldy.

Ýogsam bolmasa, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç 2013-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky halka ýüzlenmesinde garaşsyz Ukrainanyň taryhyndaky iň bir kyn ýylyň geçendigini, onuň lypykeçlikleriň we täze umytlaryň ýyly bolandygyny aýdypdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG