Sepleriň elýeterliligi

Ýylyň jemleri: 2014-iň täsin wideolary


2014-iň täsin wideolaryndan bir pursat

2014-iň täsin wideolaryndan bir pursat

2014-nji ýylda depe saçyňy üýşürýän, hopukdyryjy ýa-da gowulygy bilen geň galdyrýan wideolaryň ençemesi halkara köpçüliginiň üns merkezine düşdi. Ine-de, olardan käbiri.

  1. Arwah sypatyndaky çaganyň hüjümi

Wideo marketing boýunça bilermenler gowy önümi derrew saýgaryp bilýärler. Şeýlelikde 2014-nji ýylda peýda bolan bu hopukdyryjy wideo hiç kimi biparh goýmady. Siz munuň täze bir zat däldigini aýdarsyňyz? Şeýlemi? Siz muny Arwahyň perzendi barada täze bir gorkunç kinonyň üstünde işleýän spesialistleriň pidasyna öwrülen Nýu Ýork şäheriniň köçelerinden geçip barýan adamlara aýdyň.

1. “Bagtly” Tähranda

Pharrell Williamsyň “Happy” ýagny bagtly atly üstünlikli meşhur aýdymy we sazly wideosy tutuş dünýä boýunça şatlyk duýgusyny mälim etmegiň sazly bir görnüşine öwrüldi.

Gazadan

Ýamaýka çenli

we Malaýziýada

Ýönekeý adamlar bu meşhur amerikan aýdymynyň “Bagtyň hakykatdygyna ynanýan bolsaň, el çarp” diýen sözlerini gaýtalap, hiňlendiler. Bu saza hatda öýdeçi haýwanlaram herekete geldiler.. Awstraliýada itleriň gatnaşmagynda düşürilen wideo 10 million gezek görüldi.

​Emma tähranly bir topar “Bagtly Tähranda” ady bilen bu wideonyň özboluşly görnüşini döredenlerinde, bu Eýranyň häkimiýetleriniň göwnünden turmady. Sud wideoda surata düşürilen alty sany ýaş adamy gamçylamaga we türmä höküm etdi. Bu şertli tussaglyk boldy we wideony döreden türme tussaglygynda boldy. Bu waka halkara adam hukuklaryny goraýjy jemgyýet tarapyndan ýazgaryldy.

3. Ägirt möý-it mutanty

Bu önüm 2014-nji ýylda YouTube saýtynda öňe saýlanan wideolaryň biri boldy.

Sylwester Wardega öz iti "Chikana" ataýry möýüň geýmini geýdirip, ony mundan bihabar adamlaryň öňünden duýdansyz çykaryp, bu görnüşiň adamlara edýän täsirini surata düşürdi. Bu wideo 100 milliondan gowrak gezek görüldi.

4. Germaniýa Braziliýada dünýä kubogynyň ýeňijisi

FIFA-nyň 2014-nji ýylyň Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşynyň braziliýaly guramaçylary 3.4 million gatnaşyjylara we dünýä boýunça 1 milliard çemesi tomaşaçylara hakyky ýaryşy görkezmäge taýýarlanypdylar. Emma Braziliýanyň abraýly milli komandasy, ýarymfinala çyksa-da, soňra kemsidiji ýagdaýda utuldy. Germaniýa 7:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Ine-de, bu täsir galdyryjy wideo:

5. Siriýaly gahryman oglan gyz doganlaryny “halas edýär”

Noýabryň başynda peýda bolan wideo urşa gark bolan Siriýada üç ýyl bäri dowam edýän betbagtçylykly we çykalgasyz ýagdaýda ýagşy umyda we gahrymançylyga bolan ynamyň kiçijik bir subutnamasy boldy. Emma Siriýanyň tozanly köçesinde bir ýaş oglanyň öz doganyny howpsuz bir ýere äkitmäge synanyşýandygyny görkezýan wideo galp bolup çykdy. Tutuş dünýä boýunça habar serişdeleri tarapyndan görkezilen bu wideo şübhe bildirilensoň, norwegiýaly film döredijiler filmi tutuş dünýäde çagalaryň urşuň täsirinden ejir çekýändigini görkezmek üçin döredendiklerini boýun aldylar.

Emma mundan öň millionlarça adam “siriýaly gahryman oglanyň”, ýagny Maltadaky film alynýan meýdanda öz roluny ýerine ýetiren tölegli artistiň – mergeniň okundan aman galyp, ýaş gyzy halas edişine demini alman, syn etdi.

Hakykatyň üstüniň açylmagy gahar-gazap döretdi.

6. Perthde iPhone 6 telefonyň ilkinji eýesi ony söhbetdeşligiň dowamynda gaçyrdy

Dünýä ýüzünde iň girdejili kompaniýalaryň biri ýokary tehnologiýa läheňi Apple öz ýokary derejeli önümçiligini 2014-nji ýylda hem dowam etdirdi. Futuristik iWatch önüminden daşgary kompaniýa öz meşhur iPhone önüminiň ýaýraýyş gerimi boýunça gazanan öz soňky rekordlaryndan hem öňe geçdi.

Apple öz önümleriniň möçberini ägirt uly derejelere ýetirip, gymmatbaha täze gurallarynyň hyrydarlarynyň sanyny artdyrmak ugrunda hem ädim ätdi. Awstraliýanyň telewideniýesi Perthde iPhone 6 telefonynyň ilkinji hyrydaryny görkezdi.

7. RT telekanalynyň amerikan žurnalisti Liz Wahl işden çekildi

Orsýetiň Krym ýarym adasyny Ukrainadan basyp alyp, öz düzümine goşmagy, Ukrainanyň gündogarynda Malaýziýanyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we Ukrainadaky beýleki wakalar bilen baglylykda Moskwa 2014-nji ýylda wakalara öz garaýşyny köpçülige ýetirmek boýunça gaýduwsyz kampaniýany alyp bardy.

Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosy we Orsýete syn edýän beýlekiler informasiýanyň we medeniýetiň “ýaraglandyrylandygyny” bellediler. Emma bu tagallalar Orsýet üçin negatiw netije berdi, Orsýetiň iňlis dilindäki RT halkara telekanalynyň alypbaryjylary göni efirde gidýän gepleşigiň dowamynda öz wezipelerinden ýüz öwürdiler.

Alypbaryjylaryň biri, amerikaly Liz Wahl göni efirde “Orsýet hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Putiniň hereketlerini aklamaga gönükdirilen propagandistik habar serişdesiniň düzüminde galmak islemeýändigini” aýtdy.

8. Şotlandiýanyň garaşsyzlygyna Williniň garaýşy

Ýylyň dowamynda üns merkezinde bolan wakalaryň ýene biri – Şotlandiýanyň garaşsyzlygy boýunça ses berişlik boldy. Ses berişligiň netijeleri “Bile bolmak has gowy” atly kampaniýanyň ýeňiş gazanandygyny görkezen hem bolsa, jemgyýetiň ikä bölünendigi hem belli boldy.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown we Şotlandiýanyň milletçi lideri Alex Salmond hersi mälim eden wagtynda:

alasarmyk ýagdaýdaky şotlandiýalylar we daşary ýurtlular ABŞ-nyň “The Simpsons” atly multfilminiň gahrymany Willä nazarlaryny dikdiler.

9. Nýu Ýorkda aýal-gyz halyňa 10 sagatlap ýöremek

Ýaş zenan bolsaň, hatda Nýu-Ýorkyň köçelerinden ýöräp barýanam bolsaň, munuň döredýän kynçylyklary az däl. Bu wideo dünýäniň köp şäherlerinde aýallaryň günde diýen ýaly kemsitmeleriň dürli görnüşlerine uçraýandyklaryny görkezýär. Bu wideoda meýletin surata düşen bir gyzyň köçeden ýöräp barýarka ýüzbe-ýüz bolýan oňaýsyz pursatlary görünýär. Aýallaryň hatda liberal jemgyýetde-de häli-şindi çylşyrymly ýagdaýlara gabat gelýändigini paş edýän bu wideo halkara derejesinde uly diskussiýalary döretdi.

Goşmaça wideo

800 milliondan gowrak gezek seredilen bu wideony ýene bir gezek görseňiz, ýylgyrsaňyz gerek.

XS
SM
MD
LG