Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Inim, azatlykdan irdiňmi?


Karikatura.
Karikatura.

Konsultant

Ýazyjy Hojanepes Meläýew iş sapary bilen Moskwa baranda SSSR Ýazyjylar birleşiginde türkmen edebiýaty boýunça edebi konsultant (maslahatçy) bolup işleýän Atajan Taganyň öýüne gije ýary jaň edip “Atajan, şu gün köçede bir gelin bilen tanyşdym. Ýaňy oň öýüne jaň etdim. “Öýüme gel” diýdi. Nätsemkäm, gitsemmikäm, gitmesemmikän?” diýýär. Atajan:

“Häzir gije sagat on iki. Metro ýene bir sagat işlär. Ýagdaýyňa seret” diýip, telefon trubkasyny goýýar. Aradan bir sagat geçýär. Hojanepes ýene-de Atajana jaň edip, öňki sowalyny gaýtalaýar. Atajan “Häzir sagat ikiden işleýär. Maňa azar berme” diýip, trubkany goýýar. Aradan bir sagat geçýär. Hojanepes Atajana jaň edip öňki sowalyny gaýtalaýar. Gazaba münen Atajan:

-Hojanepes, ynsap et, häzir gije sagat üç. Üçünji gezek ukudan oýarýaň. Berk belle, men ýeňles gelinler boýunça konsultant däl, edebi konsultant -diýip, onuň üstüne heňkiripdir.

Jaý paýlaşygy

1963-nji ýylda Aşgabadyň Gogol köçesiniň ugrunda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň serişdesiniň hasabyna türkmen ýazyjylaryna niýetlenip salynan 16 kwartira-kotdež taýýar bolýar (olary 2012-de ýykdylar). Şol döwrüň ýaş şahyry Ýylgaý Durdyýew Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Beki Seýtäkowyň ýanyna baryp, “Obadaky gelnim bilen ayrylşanyma üç ýyl boldy. Şäherli gyza öýlenjek bolýan. Ol “Ilki jaý edin, soňra saňa bararyn” diýýär. Gaýrat ediň, kotdežleriň birini maňa beriň!” diýýär. Kotdežleri paýlamak bilen bagly gohdan, arz-şikýatdan iýni bez-bez bolan Beki aga:

-Inim, özüň-ä belent ýigitsiň! Öýlenmek hyýalyňdan el çek, näme, azatlykdan, erkinlikden irdiňmi?! Jaý, aýal mydam tapylar, erkinlik tapylmaz -diýip, ony hoşamatlap ýanyndan ugradypdyr.

Otuz ýaş

Bir körzehin ussat şahyr Mämmet Seýide “Döredijilik hupbatly iş. Ýaňy otuz ýaşadym. Ýöne ýüzüme eýýäm ilkinji ýygyrt düşüpdir. Ony şu gün irden gördüm” diýipdir. Ussat:

-Ýaşulular soweti (ähli adama ýüzlenşi), şu gün irden beýniň ilkinji öýjügi işläp başlandyr. Şol öýjük ýigrimi ýaşyňda işlän bolsa, seň ýüzüňe-de, edebiýatyň ýüzüne-de ýygyrt düşmezdi -diýipdir.

Anyk jogap

Bir kelpeň özüne “Salyhatly ýigit” diýdirjek bolup “Pyhy aga, ýaş ýigit bolmak kyn” diýýärler. Şu söz dogrymy?” diýip, goja şahyr Pyhy Tagana sowal beripdir. Pyhy aga:

-Şu sowaly maňa berdiň, sen ýaş ýigit ekeniň. Özüňe beren bolsaň, ýagşy ýigit bolardyň -diýipdir.

Şamçyrag

Bir gezek ýaşuly şahyr Ata Atajanowdan “Ýaşlyk ýanar ot, gojalyk şamçyrag” diýilýäni rastmy?” diýip soradym. Ata Hajyýewiç hezil edip güldi. Soňra-da:

-Inim, ýanar ot bolup ýola çykaweri! Şamçyragdygyma ynam ýokdur, garaňkyda büdrärsiň -diýdi.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG