Sepleriň elýeterliligi

Gong Kong: 37 protestçi tussag edildi


Gong Kongyň resmileri demokratiýa tarapdar protestçiler gaýtadan köçelere çykan mahaly, 37 adamyň tussag edilendigini habar berýärler.

Polisiýanyň 25-nji dekabrda beren maglumatyna görä, protestçiler Mongkok kiçi etrapçasyndaky birnäçe köçäni böwetläp, köçäni terk etmeklik barada polisiýanyň beren buýrugyndan boýun gaçyrypdyrlar.

24-nji dekabrda gürrüňi gidýän sebitde 12 protestçi tussag edilipdi.

Demokratiýa tarapdar müňlerçe protestçi Gong Kongyň üç kiçi etrapçasyny iki aýdan gowrak wagt ele salypdy. Noýabr aýynda Gong Kongyň polisiýasynyň geçiren birnäçe operasiýasy netijesinde şol protestçiler dargadylypdy.

Protestçiler baş ýerine ýetirijini saýlamak ugrunda 2017-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda öz kandidatlaryny dalaşgär görkezmek isleýärler. Emma Pekin bu talaby ret edýär.

XS
SM
MD
LG