Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Ýokary tizlikli otly gatnawy açyldy


Hytaýda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiang we Gansu welaýatlarynyň paýtagtlaryny birleşdirýän ýokary tizlikli otly gatnawy açyldy.

Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “CCTV” telekanalaynyň berýän maglumatyna görä, otly 26-njy dekabrda ir bilen Gansu welaýatynyň Lanžou şäherinden Urumçi şäherine tarap ugrapdyr.

“Lanksin” diýlip atlandyrylýan demirýoluň uzynlygy 1 800 kilometre barabar bolup, onuň üçin niýetlenen otlular sagatda 250 kilometr tizlik bilen hereket edýär.

Gurluşygy 2017-nji ýylda tamamlanjak Pekin-Lanžou ýokary tizlikli otly demirýolunyň ulanyşa berilmegi netijesinde hytaý paýtagty bilen Urumçiniň aralygyndaky otly gatnawynyň wagty 16 sagada barabar bolar. Häzirki wagt bu aralygy otly gatnawy bilen 41 sagatda geçip bolýar.

XS
SM
MD
LG