Sepleriň elýeterliligi

Hindi okeany: Tebigy wakadan 10 ýyl geçdi


Aziýa materiginiň käbir ýurtlarynda mundan 10 ýyl öň Hindi okeanynda bolan tebigy betbagtçylykda pida bolanlaryň hatyrasyna matam çäreleri geçirildi.

2004-nji ýylyň 26-njy dekabrynda suwuň astynda bolan ýer titremäniň netijesinde dörän güýçli tolkunlar Indoneziýanyň, Şri Lankanyň, Hindistanyň we Taýlandyň kenarýaka ýaşaýjylaryna uly zyýan ýetiripdi we netijede 200 müňden gowrak adam heläk bolupdy.

Bu tebigy betbagtçylykdan soň, Indoneziýanyň Açeh welaýatyndaky birnäçe oba kartadan ýok boldy.

26-njy dekabrda Açeh welaýatynyň Banda Açeh şäherindäki müňlerçe adam wakada pida bolanlaryň hatyrasyna şäheriň esasy metjidinde geçirilýän matam çärelerine gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG