Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrain gepleşikleri goýbolsun edildi


Ukrain esgeri.

Ukrain esgeri.

Belarusyň resmileri Ukrainanyň hökümeti bilen orsparaz separatistleriň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriň goýbolsun edilendigini habar berýärler.

Ukrainanyň, Russiýanyň, orsparaz separatistleriň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň 26-njy dekabrda Minskde geçirilmegine garaşylýardy.

Kiýew gepleşiklerde gündogar Ukrainadaky çaknyşyklaryň soňuna ýetmek dogrusynda soňky parahatçylyk ylalaşygyna gol goýmagy umyt edýärdi.

24-nji dekabrda geçirilen parahatçylyk gepleşikleri uly bolmadyk öňe gidişlik bilen tamamlanypdy. Ýagny gepleşiklerde iki tarap hem uruşda tussag edilenleri boşatmak barada ylalaşyga gol goýupdy.

XS
SM
MD
LG