Sepleriň elýeterliligi

"2014 Türkmenistan üçin oňat boldy"


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň dünýä ýurtlary üçin agyr ýyllaryň biri bolandygyny, emma Türkmenistanyň halky üçin gowy bolandygyny aýtdy.

Prezident anna güni Aşgabatda Täze ýylyň öň ýanyndaky hökümet maslahatyny geçirip, mejlise gatnaşýanlary we Türkmenistanyň halkyny ýetip gelýän 2015-nji ýyl bilen gutlady.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Ministrler kabinetiniň bu gezekki mejlisi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde geçirilipdir.

Prezident Berdimuhamedow maslahaty açyp, dünýä ykdysadyýetiniň, haýalam bolsa, maliýe-ykdysady çökgünlikden çykýandygyny, türkmen ykdysadyýetiniň hem dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolup durýandygyny boýun aldy.

Şeýle-de ol dünýäde bolup geçýän hadysalaryň türkmen ykdysadyýetine gönüden-göni täsir ýetirýändigini, bolup geçýän özgerişlikleriň çalt we netijeli çözgütleri tapmaga borçly edýändigini, şu ýagdaýlar nazara alnanda, 2014-nji ýylyň dünýäniň ähli ýurtlary üçin örän agyr ýyllaryň biri bolandygyny aýtdy.

Maslahatlaryň we duşuşyklaryň sany

Türkmen lideri 2014-nji ýylyň syýasy-ykdysady wakalara hem baý bolandygyny belläp, şu ýyl Ministrler kabinetiniň öz 54 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlsiniň, dürli maslahatlaryň 44-den gowragynyň geçirilendigini aýtdy.

Şeýle-de prezident ýurduň halkara gatnaşyklarynyň geriminiň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, has giňändigini, dürli ýurtlar bilen edilen gatnaşyklaryň iki essä golaý artandygyny belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, şu ýyl Türkmenistanyň hökümet delegasiýalary daşary ýurtlara 10 sapar edipdir, Türkmenistana bolsa, daşary ýurtly döwlet, hökümet, sebit ýolbaşçylarynyň 20 sapary bolupdyr. Mundanam başga, şu ýyl Türkmenistanda GDA-nyň agza ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi.

Prezident Berdimuhamedow taryha gidýän ýylda ýurt baştutanynyň daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, döwlet we hökümet baştutanlary, ministr derejesindäki resmiler, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatiki wekilhanalaryň başlyklary bilen jemi 190 duşuşygyň geçirilendigini habar berdi.

Mundan başga, ýylyň dowamynda prezident dürli halkara kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen 40 duşuşyk geçiripdir. Prezident Berdimuhamedow 2014-nji ýylda göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň diýen ýaly durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Tutumly işler

Demirgazyk-günorta halkara demirýolunyň ulanylmaga berilmegi, Gyýanly şäherçesinde polietilen we we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän kärhananyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, «Galkynyş» gaz käninde zawodlar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi şu ýyl edilen tutumly işleriň hatarynda agzalýar.

Prezident bu ýyl Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň, diplomatiýasynyň hem üstünlikli bolandygyny belledi. Ol bu sözlerine delil hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň, resmi Aşgabadyň inisiatiwasy esasynda, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny» atly rezolýusiýany kabul edendigini ýatlatdy.

Prezident Berdimuhamedow şu ýylyň jemlerine baha berlende, umuman 2014-nji ýylyň Türkmenistanyň halky üçin iň oňat ýyllaryň biri boldy diýdi.
Prezident Ministrler kabineti bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde degişli ýolbaşçylardan hasabat sorap, Täze ýyl baýramçylygyny gowy geçirmek barada hem tabşyryk beripdir.

Prezidentiň "peşgeşi"

Türkmen telewideniýesi prezidentiň mejlisden soň Aşgabatda täze gurlan we sebitde iri söwda merkezi hasaplanýan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny, ol ýerde «gahryman arkadag prezidente şeýle ajaýyp desgany peşgeş bereni üçin» alkyş aýdylandygyny habar berýär.

Habarda bu merkeziň tutýan umumy meýdanynyň 175 müň inedördül metrden ýa-da 17.5 gektardan ybaratdygy aýdylýar. Şeýle-de onuň ýerli telekeçileriň konsorsiumy tarapyndan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maýasy esasynda gurlan ilkinji iri desgadygy bellenilýär.

Resmi habara görä, prezident Berdimuhamedow täze merkezde çaý satylýan dükana baryp, dabara gatnaşýanlara bu dükandaky çaýlaryň görnüşleriniň bejerijilik ähmiýeti we olary demlemegiň aýratynlyklary barada gürrüň beripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG