Sepleriň elýeterliligi

Siriýada YD jeňçleri öldürildi


Siriýadaky aktiwistler howa reýdleriniň iki günde YD-nyň garamagyndaky iki şäherde 50-den gowrak adamy öldürendigini aýdýarlar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 26-njy dekabrda Aleppo welaýatynyň al-Bab we Kabasin şäherlerine urlan howa zarbalarynyň azyndan 53 adamy öldürendigini, olaryň arasynda 7 çaganyň hem bardygyny aýtdylar.

Bu zarbalar 25-nji dekabrda urlupdyr. Siriýanyň başga bir gözegçilik topary hem sosial ulgamlarda howa reýdleri barada habar berdi we wideo ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG