Sepleriň elýeterliligi

Putin täze harby doktrina gol çekdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin täze harby doktrina gol çekdi.

Bu dokumentde Kremliň Günbatar döwletlerini Ukrainadaky döwlet agdarylyşygyna howandarlyk etmekdäki aýyplamasy ýaňlanýar.

Kremliň 26-njy dekabrdaky beýanatynda Putiniň täzelenen doktrina gol çekendigi, onda Orsýetiň daşary ýurtlaryň howp-hatarlary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, ýagny daşary ýurtlaryň onuň serhetdeş ýurtlarynda rus bähbitlerine duşmançylykly hökümetleri «iş başyna getirýändigi» aýdylýar.

Şeýle-de täze dokumentde Ukrainadaky krizisiň başga aspektlerine, şol sanda ABŞ-nyň we ÝB-niň Orsýete garşy girizen sanksiýalaryna hem garalýana meňzeýär.

XS
SM
MD
LG