Sepleriň elýeterliligi

Habarçylar zorluk bilen soraga çekilýär


AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy. Derňewçiler birnäçe sagatlap gabalyp saklanan işgärleriň hem binany terk etmelidigini aýtdylar.

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy. Derňewçiler birnäçe sagatlap gabalyp saklanan işgärleriň hem binany terk etmelidigini aýtdylar.

Prokurorlar AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyny döküp, onuň işini togtadandan iki gün soň, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky polisiýa Azatlyk radiosynyň ol ýerdäki işgärleriniň birnäçesini zorluk bilen soraga çekdi.

28-nji dekabr güni irden AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň, Azatlygyň gündelik gepleşiklerini alyp barýan žurnalist Kamran Mahmudowyň kwartirasyna polisiýa kürsäp urup, ony alyp gitdi.

Mahmudowyň aýaly Latifa onuň köwşüni ýa-da daşky eşiklerini geýmegine hem maý bermän alnyp gidilendigini aýtdy.

Polisiýa Azatlygyň azeri gullugynyň rus dilindäki websaýtynyň redaktory Çingiz Sultansoýy, Bakuwdaky býuronyň tam süpürijisi Matanat Abdinowany hem tussag etdi.

Bu işgärler soňra döwlet prokuraturasynyň agyr jenaýatlar bölümine sorag etmek üçin eltildi.

AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň direktory Kenan Alyýew radionyň 12 işgäriniň soraga jogap bermekleri üçin prokuratura barmaly edilendigini aýtdy.

Olaryň hiç biriniň ýanynda aklawçysynyň bolmandygy aýdylýar.

'Gorkuzmak we dowla salmak' taktikasy

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky işgärleriniň aklawçylary Azerbaýjanyň häkimiýetlerini, Bakuwdaky býuro geçirilen reýdiň yzysüre, AÝ/AR-nyň agzalaryny gorkuzmak we dowla salmak üçin «görülmedik» taktikalary ulanmakda aýyplaýarlar.

AÝ/AR 27-nji dekabrda beýanat çap edip, Azerbaýjanyň häkimiýetlerini AÝ/AR-nyň işgärleriniň öýlerine polisiýa iberip, žurnalistleri prokuroryň edarasyna «söhbetdeşlige» çagyrmakda tankyt etdi.

AÝ/AR-nyň baş redaktory Nened Peýiç (Nenad Pejic) azeri häkimiýetleri «biziň işgärlerimizi we olaryň maşgalalaryny dowla salýarlar» diýdi.

Aklawçylaryň biri, şahsy howpsuzlyk aladalary üçin öz adynyň agzalmazlygyny sorap, «Bu adamlar prokuroryň edarasyna zorluk we gorkuzmalar bilen süýrelip eltilýär» diýdi.

Bakuwly habarçylaryň bir aklawçysy olaryň [AÝ/AR-nyň žurnalistleri] «hepde ahyrynda soraga çagyrylmak bilen, azeri kanunynyň berýän kanuny gorag mümkinçiliginden mahrum edilýändigini» aýtdy.

27-nji dekabr agşamy AÝ/AR-nyň azyndan dört žurnalisti prokuratura «söhbetdeşlige» çagyryldy.

Sorag wagtynda aklawçynyň hem bolmagyny talap eden žurnalistlere, eger meýletin gelmeseler, güýç bilen getiriljekdikleri aýdyldy.

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosynda tam süpüriji bolup işleýän aýalyň öýüne hem, sorag etmek üçin, polisiýa geldi.

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosynyň işgärleriniň prokuratura gelmegi baradaky talaplar AÝ/AR-nyň Azerbaýjandaky işleriniň, şeýle-de beýleki garaşsyz media, hukuk guramalarynyň garşysyna görülýän çäreleriň dowamy bolup görünýär.

26-njy dekabr güni irden AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyna ýaragly polisiýa bilen bile kürsäp uran derňewçiler kompaniýanyň seýfini dökdüler we kompýuterlerini hem resmi möhürlerini konfiskasiýa etdiler.

Olar birnäçe sagatlap bir otaga gabalyp saklanan işgärleriň hem binany terk etmelidigini aýtdylar.

Prokurorlar bu reýdiň AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugy boýunça alnyp barylýan derňewiň bir bölegidigini, onuň daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän gurama hökmünde barlanýandygyny aýdýarlar.

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy şu ýylyň ortalarynda başlanan basyp ýatyryşlaryň diňe soňky pidasy bolup görünýär.

Halkara ýazgaryşlary

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti, Helsinki komissiýasy, Radiogepleşikleriň dolandyryjy geňeşi, Serhetsiz reportýorlar guramasy AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyna geçirilen reýdi ýazgaryp çykyş etdiler.

Birleşen Ştatlaryň senatory, ABŞ-nyň Helsinki komissiýasynyň başlygy Ben Kardiniň ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär: «Azerbaýjanda azat we garaşsyz metbugat ony goramaly bolan häkimiýetleriň hüjümi astynda galýar.»

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG