Sepleriň elýeterliligi

"Et öndürijileriň eline urulýar"


Lebap. Mallaryny örä alyp barýan adam.

Lebap. Mallaryny örä alyp barýan adam.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ana güni geçiren hökümet maslahatynda eden çykyşynda ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik maksady bilen «ähli zerur çäreleri hem görýäris» diýdi.

Ýurt içinden gowuşýan habarlardan görnüşi ýaly, soňky aýlarda ýurduň bazarlarynda häkimiýetleriň bellän kesgitli bahasyndan satylýan elin etler peýda boldy.

Bu etiň hyrydarlarynyň uzan nobatlary emele getirendigi, şol bir wagtda et nobatyna berk gözegçilik edilýändigi barada hem habarlar gelip gowuşdy.

Aşgabatly diňleýjilerimiziň biri häkimiýetleriň, göräýmäge, Täze ýylyň öň ýanynda ilata kömek diýip edýän bu işiniň hakykatda «hususy et öndürijileriň eline urmak bolýandygyny» belläp, öz reaksiýasyny Azatlyk radiosynyň üsti bilen häkimiýetlere ýetirmek isleýändigini aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran diňleýjimiziň «emeli arzanladylan et we bazar kanunlary» baradaky pikirlerini diňläp, belki, sizem söhbete goşularsyňyz we öz tejribeleriňizi paýlaşarsyňyz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG