Sepleriň elýeterliligi

Meşhur multfilmçi Sokolskiý ýogaldy


Ozalky Sowet Soýuzynda we soň Orsýetde 40 ýyla golaý iň meşhur multfilmleriň döredilmegine kömek eden Gennadiý Sokolskiý 27-nji dekabrda, 78 ýaşynda aradan çykdy.

Ol «Şadyýan karusel», «Dur, bakaly» ýaly meşhur multfilmleriň döredilmegine hem suratçy, hem režissýor hökmünde gatnaşypdy.

Ýöne ol sowet tomaşaçylaryna şeýle meşhur bolan eserleri döreden hem bolsa, öz işleri üçin hiç bir sylaga mynasyp görülmedi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG