Sepleriň elýeterliligi

Oş aeroportunda talaňçylyk edildi


Gyrgyzystanyň günortasynda harby eşik geýen we awtomatiki ýaraglar bilen ýaraglanan adamlar Oş aeroportunyň VIP bölümini taladylar we bir biznesmeni alyp gaçdylar.

Ýaragly adamlar Içeri işler ministrliginiň pitneçilige garşy ýörite güýçleri hökmünde hereket edip, 27-nji dekabr güni irden, ýolagçylaryň Hytaýyň Urumçy şäherine uçmaga garaşýan wagty, aýeroportuň VIP myhman zalyny taladylar.

Region polisiýasynyň sözçüsi ýaragly we ýüzi perdeli adamlaryň sagat 10-larda VIP seksiýasyny girip, «hemmeler aşak ýatmaly, bu ýörite operasiýa» diýip gygyrandyklaryny aýtdy.

Olar üç-dört paket nagt puly we ol pullaryň eýesini alyp, gaçyp gutulypdyr.

XS
SM
MD
LG