Sepleriň elýeterliligi

Belarus prezidenti täze premýer belledi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2010-njy ýyldan bäri geçiren iň uly kadr çalşygynyň çäginde täze premýer-ministr we bank başlygyny belledi.

Lukaşenko öz adminstrasiýa başlygy Andreý Kabýakany ýurduň täze premýer-ministri etdi.

Ol Kabýakany ozalky premýer-ministr Mihail Maýasnikowiçi, milli bankyň başlygy Nažeýa Ermakowany we beýleki ministrleri işden boşadan badyna premýerlige belledi.

53 ýaşyndaky Kabýaka Lukaşenkonyň diwanynyň başlygy bolmazyndan öň Belarusyň Orsýetdäki ilçisi bolup işledi.

XS
SM
MD
LG