Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan prezidenti kadr çalyşýar


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Hyrat welaýatynyň ýokary derejeli resmileriniň birnäçesini wezipesinden boşatdy.

Gani 27-nji dekabrda Hyrada sapara baryp, metbugat ýygnagynda öz işden boşadan resmileri barada habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, welaýat prokuraturasynyň, nebit we energiýa edarasynyň, gümrük departamentiniň, bilim bölüminiň ýolbaşçylary işden boşadylypdyr.

Gani baş prokurordan beýlekileriň ählisiniň korrupsiýa aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aýtdy.

Şeýle-de Gani Hyradyň 12 etrabynyň ählisiniň polisiýa başlyklaryny işden boşatdy.

XS
SM
MD
LG