Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«AirAsianyň» Singapura barýan uçary ýitdi


Malaýziýanyň “AirAsia» howa ýollary özüniň üsti 162 adamly uçarynyň ýitendigini we gözlegiň başlanandygyny aýdýar.

Bu uçar 28-nji dekabr güni irden, Indoneziýadan Singapura tarap uçanyndan bir sagat soň Jakartanyň howa ýol gözegçiligi bilen aragatnaşygyny ýitiripdir.

«AirAsianyň» beýanatynda bu uçaryň «Airbus A320-200» bolup, onuň QZ8501 reýsiniň gözleg işleriniň başlanandygy aýdylýar.

Şu ýyl Malaýziýanyň baýdagyny göterýän uçarlaryň ikisi heläkçilige uçardy.

Olaryň birinjisi 239 ýolagçysy we ekipažy bilen martda, Kuala Lampurdan Pekine barýarka ýitirim boldy, ikinjisi iýulda Ukrainanyň asmanynda urlup ýykyldy.

Onuň bortundaky 298 adamyň ählisi heläk boldy.

XS
SM
MD
LG