Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Koreýa D.Koreýa bilen gepleşikleri geçirmegi teklip etdi


Günorta Koreýanyň ýokary derejeli resmisi öňümizdäki aýda Demirgazyk Koreýa bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegi teklip etdi.

Günorta Koreýanyň Birleşme boýunça ministri Rýu Kihi-jae (Ryoo Kihi-jae) özüniň 29-njy dekabrda beren maglumatynda “ikitaraplaýyn aladalaryň islendigini maslahat etmek üçin” Demirgazyk Koreýanyň wekilleri bilen ýanwar aýynda Seulde ýa-da Pýogýangda duşuşmaga isleglidigini aýtdy.

Rýu bu babatdaky resmi teklibiň özüniň demirgazyk koreýaly kärdeşi Kim Ýang-Gona ugradylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Rýu gepleşikleriň käbir böleginiň 1950-1953-nji ýyllarda bolan Koreý urşundan bäri aýra düşen maşgalalaryň gaýtadan birleşmegine gönükdiriljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG