Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa uçar deňizde diýýär


Indoneziýanyň Gözleg we halas ediş boýunça milli gullugynyň ýolbaşçysy ýitirim bolan “AirAsia” uçarynyň deňizde heläkçilige uçrandygyna ynanylýar diýdi.

Bambang Soelistýo 29-njy dekabrda geçiren metbugat ýygnagynda: “Bize berlen koordinatlara we uçar heläkçiliginiň deňizde bolandygyny çaklaýan netijelere görä, gipoteza, ýagny çaklamalar uçaryň deňziň düýbündedigini görkezýär” diýdi.

Üsti 162 ýolagçyly «Airbus A320-200» belgili bu uçar 28-nji dekabr güni irden, Indoneziýadan Singapura tarap uçanyndan bir sagat soň Jakartanyň howa ýol gözegçiligi bilen aragatnaşygyny ýitiripdir.

Şu ýyl Malaýziýanyň baýdagyny göterýän uçarlaryň ikisi heläkçilige uçrady.

Olaryň birinjisi 239 ýolagçysy we ekipažy bilen martda, Kuala Lampurdan Pekine barýarka ýitirim boldy, ikinjisi iýulda Ukrainanyň asmanynda urlup ýykyldy.

XS
SM
MD
LG