Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Ykdysadyýet pese gaçdy


Russiýanyň hökümeti geçen aýyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň pese gaçandygyny mälim etdi. Bu 2009-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri, ilkinji gezek şeýle ykdysady pese gaçmanyň bolandygyny aňladýar.

Russiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň 29-njy dekabrda beren maglumatyna görä, noýabr aýynda ýurduň ykdysadyýeti 0,5% pese gaçypdyr. Mundan öň, rus hökümeti 2015-nji ýylda Umumy içerki önümiň 4% pese gaçjakdygyny çaklapdy.

Russiýadaky bu ykdysady çökgünlik halkara energiýa bahalarynyň pese gaçýan mahalyna gabat geldi. Iýun aýyndan bäri nebitiň bahasy öňküsinden 50%-e çenli pese gaçdy. Rus ykdysadyýeti nebitiň we tebigy gazyň eksport edilmegine güýçli bil baglaýar.

XS
SM
MD
LG