Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Balkanabatda awtobus gatnawy çäkli”


Awtobus.
Awtobus.

Soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan täze jemgyýetçilik transportlaryň getirilendigi, ýagny täze awtobuslaryň satyn alnandygy resmi metbugatda habar berilipdi.

Bu awtobuslaryň ýurduň käbir sebitindäki ýaşaýjylar üçin amatlyklary döredýändigi aýdylsa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde bolsa jemgyýetçilik transport gatnawynyň düýbünden çäklidigi habar berilýär.

Balkanabat şäheriniň özüni Tuwakbibi diýip tanyşdyran ýaşaýjysy şäherde diňe irden sagat 7 bilen 8 aralygynda awtobus gatnawynyň bardygyny, günüň beýleki sagatlarynda ýaşaýjylaryň hususy taksiler bilen hereket edýändigini aýdýar. Bu barada balkanabatly Tuwakbibi Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:47 0:00

XS
SM
MD
LG