Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý orsýetlilere çagyryş etdi


Moskwada oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý bidüzgünçilik aýyplamalary bilen höküm edilmeginiň yzýany, orsýetlileri köçä çykmaga çagyrdy.

Nawalnyý sud zalynyň daşynda eden öz çykyşynda: “Bu režimiň ýurtda hereket etmäge hukugy ýok. Ol ýok edilmeli. Men şu gün ähli adamlary köçä çykmaga çagyrýaryn” diýdi.

Nawalnyýnyň bu çykyşy, Moskwanyň sudy syýasatçyny we onuň erkek dogany Olegi bidüzgünçilik aýyplamalary bilen höküm etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Nawalnyý 3 ýarym ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edildi. Şol bir wagtyň özünde onuň dogany Oleg bolsa, 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG