Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Bakuwyň hereketleri aladalandyrýar


Azerbaýjanyň derňewçileri Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosynyň edara jaýyna reýd etdi.

Azerbaýjanyň derňewçileri Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosynyň edara jaýyna reýd etdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Azerbajanyň resmileri Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň edara jaýyna reýd edip, işgärleri soraga çekensoň, Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada öz aladalarynyň has-da güýçlenýändigini mälim etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sözçüsi Jeff Rathke 29-njy dekabrda Waşingtonda geçiren metbugat ýygnagynda Azerbaýjandaky “bu hereketler, şol bir wagtyň özünde derňewler döwründe işgärleriň aklawçylar bilen duşuşmagyna rugsat berilmezligi alada döredýän sebäpleriň ýene biridir” diýdi.

Şeýle-de, Rathke Birleşen Ştatlar Bakuwy “adam hukuklaryny we azatlygyň esaslaryny goramak dogrusynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky we beýleki halkara borçnamalaryny berjaý etmäge” çagyrýar diýdi.

Şol bir wagtyň özünde Rathke Bakuwda edilen reýdden bäş gün öň, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri azeri prezidenti Ylham Aliýew bilen geçiren telefon arkaly gepleşigi döwründe Waşingtonyň Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada aladalanma bildirýändigi dogrusynda belläp geçdi diýdi.

XS
SM
MD
LG