Sepleriň elýeterliligi

Iki azeri aktiwisti türmeden boşadyldy


Azerbaýjanda prezidentiň günä geçişligi esasynda “NIDA” atly ýaşlar guramasynyň syýasy tussaglar diýlip atlandyrylýan iki aktiwisti türmeden boşadyldy.

29-njy dekabrda kabul edilen karara laýyklykda, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew 87 tussagyň günäsini geçdi. Olaryň käbirleri hukuk goraýjy halkara guramalary tarapyndan syýasy tussaglar diýlip atlandyrylan tussaglardyr.

“NIDA” guramasynyň aktiwistleri Uzeýir Mammadow we Zaur Gurbanli 30-njy dekabrda türmeden boşadyldy. Bu aktiwistler 2013-nji ýylda hökümete garşy geçirilen ýörişlere gatnaşansoň tussag edilipdiler we olar bikanun ýarag saklamakda we köpçülikleýin bidüzgünçiligi guramalaşdyrmakda aýyplanypdylar.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň türmelerinde heniz hem 90-dan gowrak syýasy tussag saklanylýar.

XS
SM
MD
LG