Sepleriň elýeterliligi

Özbek gazy Oşa akdyrylyp başlandy


Özbegistan aradan sekiz aý geçensoň, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş sebitine gaýtadan tebigy gaz akdyryp başlady. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

“Gazprom Gyrgyzystanyň” Oş sebitindäki bölüminiň direktorynyň orunbasary Tahir Alomowyň berýän maglumatyna görä, 30-njy dekabrdan başlap Özbegistan özüniň tebigy gazyny Gyrgyzystanyň Oş sebitine akdyryp başlapdyr.

Bu sebite Özbegistanyň öz tebigy gazyny gaýtadan akdyryp başlamagyna nämäniň itergi berendigi barada maglumat berilmeýär.

Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda bu mesele dogrusynda baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň, şu ýylyň aprel aýynyň 14-ne Daşkent Oşa akdyrýan tebigy gazyny togtadypdy.

XS
SM
MD
LG