Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý russiýalylary proteste çagyrýar


Alekseý Nawalnyý proteste barýar. 30-njy dekabr, 2014. Moskwa.
Alekseý Nawalnyý proteste barýar. 30-njy dekabr, 2014. Moskwa.

Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý Russiýanyň halkyna ýüzlenip, adamlary köçelere çykmaga we prezident Wladimir Putiniň häkimiýetden çekilmegini talap etmäge çagyrdy. Mundan öňinçä Nawalna, ony galplykda aýyplap, şertli tussaglyk boýunça iş kesildi.

Nawalnyý sud diňlenişiginiň geçen jaýynyň daşynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Bu režimiň ýaşamaga haky ýokdur. Bu ýok edilmelidir. Men ähli kişini köçä çykmaga çagyrýaryn. Bigünä adamlary ezýän bu režim synýança, men her bir adamy köçä çykmaga çagyrýaryn!”.

Bu çykyşdan öň sud Nawalnyny we onuň inisi – Olegi ykdysady galplykda aýyplap, günäli tapdy. Nawalnyý 3,5 ýyl şertli tussaglyga, Oleg bolsa 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Munuň üstesine, sudýa Ýelena Korobçeno doganlaryň her birine 500 müň rubl ($8,500) jerime saldy. Şeýle-de doganlar gürrüňi gidýän iş bilen baglylykda bir kärhana 4,4 million rubl ($70,000) möçberinde kompensasiýa, ýagny ýetirilen zyýanyň öwezine pul tölemeli edildi.

Nawalnyý bildirilýän aýyplamalary ret edip, Putine garşy çykandygy sebäpli, özüne şeýle syýasy basyşyň edilýändigini aýtdy.

Aga-ini Nawalnylaryň goragçy aklawçylary suduň çykaran kararyny şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

Doganlar üçin 10 ýyl türme tussaglygyny soran döwlet prokurorlary suduň karary bilen doly tanşyp, soňra ony şikaýat etmek mümkinçiliklerine garajakdyklaryny mälim etdiler.

Proteste çagyryş

Suduň binasynyň daşynda, sowuk howada ýüze golaý adam suduň çykarjak kararyna garaşýardy. Adamlaryň käbirleri “Utanyň!” diýip gygyrýardylar. Polisiýa olara “asudalygy bozmaň” diýip, duýduryş berýärdi.

“Interfax” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, şygarlary gygyran we žurnalistlere interwýu beren iki adam tussag edilip, polisiýa bölümine äkidilipdir.

Nawalnynyň tarapdarlary we onuň hereketini goldaýan aktiwistler 30-njy dekabr güni Kremliň daşynda rugsat berilmedik protesti geçirmäge çagyrdylar. “Facebook” sosial ulgamynda 17 müň töweregi adam bu çärä gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Nawalnynyň hökümi ilki 15-nji ýanwarda okalmalydy, emma rus sudy ony has bärde yglan etdi. Muny etmek bilen häkimiýetleriň 15-nji ýanwara planlaşdyrylan demonstrasiýanyň öňüni almaga synanyşandygy çaklanylýar.

Doganlaryň hersine dürli hökümiň çykarylmagy häkimiýet tankytçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Olar resmileriň Alekseýe täsir etmek üçin, onuň doganyny “zamun” hökmünde saklaýandyklaryny aýtdylar.

Nawalnyý, höküm çykansoň, suduň zalynda: “Sizde utanç-haýa galdymy? Meniň doganymy näme üçin basýarsyňyz?” diýip gygyrdy.

38 ýaşly Nawalnyý korrupsiýa garşy göreşiji aktiwistdir. Ol 2011-nji we 2012-nji ýyllarda rus hökümetine garşy protestleri gurnamaga ýardam beripdi.

XS
SM
MD
LG