Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport ýaryşlary we diktatorlar


80 prosent çemesi territoriýasyny çöl tutýan Türkmenistan windsörfiň boýunça dünýä çempionatyna gapysyny açdy. 1-nji iýul, 2014.
80 prosent çemesi territoriýasyny çöl tutýan Türkmenistan windsörfiň boýunça dünýä çempionatyna gapysyny açdy. 1-nji iýul, 2014.

Taryha gidýän ýyl sport ýaryşlary, ýagny uly dabaraly we gymmat bahaly sport çäreleri bilen dünýäniň elhenç diktator režimleriniň arasyndaky baglanyşygyň hem barha ösýändiginiň üstüni açdy.

Fewral aýynda Soçi oýunlarynyň dabaraly açylyşynda Olimpiýa alawyny götermek hormatyna mynasyp görlen alty rus sportsmeniniň arasynda hakykatda diňe iki sany sport wekiliniň bolmagy käbir tomaşaçylar üçin geň bolsa-da bolandyr.

Muňa derek esasy goldaw prezident Wladimir Putine degişli ýaly bolup göründi. Olimpiýa alawyny göterenleriň dördüsi Putiniň dolandyryjy «Birleşen Orsýet» partiýasyndan Döwlet Dumasynyň deputatlygyna saýlanan syýasatçylar bolan bolsa, bäşinjisi onuň geý we lesbiýan hukuklaryny basyp ýatyrmagyny açyk goldan adam bolup çykdy.

Orsýet, Soçi olimpiadasyndan başga, "Formula 1" - Gran pri ýaryşyna hem beýemçilik etdi. Belarusda bolsa, erkekleriň arasynda Dünýä hokkeý çempionaty geçirildi.

Azerbaýjanda Ýewropanyň çeper gimnastikaçylarynyň çempionaty geçirilse, 80 prosent çemesi territoriýasyny çöllük tutýan Türkmenistan windsörfiň boýunça dünýä çempionatyna gapysyny açdy.

Elbetde, bu sport çäreleriniň bahasy gymmat. Aýdaly, Soçi oýunlary bu ugurdaky çykdajylaryň öňki rekordlaryny tozana garyp, 51 milliard dollar boldy.

Emma Human Rights Watch guramasyndaky dünýä inisiatiwalarynyň direktory Minky Wordeniň pikirine görä, bu edilýän uly çykdajylar awtokratlar üçin dünýä arenasynda abraý gazanmak we kanuny durumlaryny berkitmek üçin ýatyrylan maýa öwrülýär.

"Dünýä liderleri, belki-de, özleriniň jemgyýetçiligiň öňünde diktatoryň gapdalynda görkezilmegini isläp durýan däldirler. Emma bu bir sport çäresi bolsa, olar şeýle zada kaýyl bolmaly bolýarlar» diýip, «Hýuman raýts wotç» guramasy tarapyndan Halkara Olimpiýa komitetinde we beýleki sport guramalarynda reforma geçirilmegine çagyrýan Worden aýdýar.

Galp abraý

«Bu liderlere dünýä sahnasynda abraýyny ýokarlandyrmaga şert döredýär we sport ýaryşlaryny öz ýurduňda geçirmek köplenç uly maliýe kynçylyklaryna alyp gelýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dogrusy, uly sport ýaryşlaryny özüňi wagyz etmek üçin ulanmak täze bir tapylan zat däl.

Adolf Gitler 1936-njy ýylda Berlinde geçirilen Tomusky Olimpiýany, Ikinji Jahan urşunyň başlanmagynyň üç ýyl öňünden, nasistik Germaniýanyň görülmedik derejede kuwwatlanýandygyny görkezmek, magtanmak üçin ulanypdy.

Argentina bolsa, 1978-nji ýylda, harby agdarylyşyk esasynda müňlerçe raýatyň ýitirim edilmeginden we jezalandyrylyp öldürilmeginden iki ýyl soň Dünýä futbol çempionatyna beýemçilik edipdi.

Emma soňky ýyllarda sport we diktatorlar meselesi, hukuk toparlarynyň halkara sport guramalarynyň diktator režimlere goltgy berýändigi barada bildiren aladalary bilen, täze bir keşbe girdi.

2010-njy ýylda 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky dünýä futbol çempionatlarynyň Orsýetde we Katarda geçirilmeli edilmegi baradaky kararlar hasam wawwaly boldy.

Para-peşgeş gykylygy

FIFA-nyň, Halkara futbol guramasynyň bu karary giňden tankyt edildi, hatda mediada FIFA-nyň öz seslerini millionlap dollara, gymmat bahaly sowgatlara satandygy, Orsýet tarapynyň Pikassonyň bir suratyny teklip edendigi barada hem aýyplamalar öňe sürüldi.

Dolandyryjy guramanyň Halkara derňewi netijesinde Orsýetiň we Katarayň hiç bir bikanunçylyk etmändigi anyklanan hem bolsa, bu dawa mahalynda FIFA-nyň birnäçe resmisi işden gitdi.

Emma FIFA-nyň baş sekretary Jerome Walkiň geçen ýyl, Braziliýada geçirilmeli dünýä futbol çempionatyna taýýarlyk görülýän wagty Putin bilen işleşmäge höwesli bolmagynyň sebäbini düşündirip aýdan sözleri köpleri üşermäge mejbur etdi.

Ol «men bir akyla sygmajak zat aýtjak, demokratiýanyň az bolmagy käte Dünýä futbol çempionatyny gurnamak üçin gowy» diýipdi.

Angliýanyň «Gardian» gazetiniň baş sport habarçysy Owen Gibson bu sözleriň hemmeleriň ünsüni çekendigini, emma iş nukdaý nazaryndan seredeniňde heňe-de gelýändigini belleýär.

Gibsonyň sözlerine görä, "Eger sen FIFA bolsaň, awtokrat režimiň ýokarlarynda oturan biri bilen gatnaşygyň gowy bolsa, stadionlaryň gurulmagy, iş planlarynyň wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin aňsat bolýar."

"Ýöne beýleki tarapdan, bu ýerde köplenç stadion kotraktlaryndaky para-peşgeler formasyndaky korrupsiýa köp bolýar» diýip, "Gardian" gezetiniň baş sport habarçysy Gibson aýdýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG