Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý höküme boýun däl


Kremliň garşydaşy Alekseý Nawalnyý suduň özüni öý tussaglygynda saklamak baradaky buýrugyna boýun bolmajagyny aýdýar.

Sud onuň şertli tussaglygy 30-njy dekabrda güýjüne girýänçä öýünde oturmalydygyny aýtdy.

Nawalnynyň aklawçysy Wadim Kobzew öz müşderisiniň öý tussaglygy höküminiň garşysyna şikaýat arzasyny ýazdy.

Ol özleriniň bu hökümi «bikanun we esassyz» diýip hasaplaýandyklaryny aýdýar.

Nawalnyý fewraldan bäri öý tussaglygynda boldy.

Sud 30-njy dekabrda ony we dogany Olegi syýasy äheňli we galplaşdyrylan iş esasynda günäli tapdy hem-de Nawalnynyň hökümden etjek şikaýaty boýunça karar çykýança öýde oturmalydygyny aýtdy.

Kobzew suduň şertli tussaglyk hökümini çykaryp, şol bir wagtda hem öý tussaglygynyň buýrulmagynyň «gaty geňdigini» aýtdy.

Şu aralykda, düzediş resmileri özleriniň Nawalnynyň özüne çykarylan sud höküminden soň, Kremliň daş işiginde geçirilmekçi bolýan anti-hökümet ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin, öý tussaglygynyň düzgünlerini bozandygy baradaky delilleri dokumentleşdirendiklerini aýtdylar.

Orsýetlileri prezident Wladimir Putin we onuň hökümeti iş başyndan aýrylýança protest etmäge çagyran Nawalnyý häkimiýetlere garşy geçiriljek ýygnanyşyga barýarka tussag edilip, Moskwadaky kwartirasyna eltildi.

Ol 30-njy dekabr güni giçlik öz twitter hasabynda özüniň öýden çykarylmandygyny we bäş ofiseriň gapysynda sakçylyk edýändigini ýazdy.

Polisiýa ýygnanyşyga gelenleri we gözegçiler toparyny dargytdy, 250-den gowrak adam tussag edildi. Мaraly bolanlar barada habar berilmedi.

70 çemesi tussag gijesini türmede geçiren hem bolsa, tussag edilenleriň köpüsi basym boşadyldy.

Moskwa sudy 31-nji dekabrda iki protestçini, tussaglyga garşylyk görkezdi diýip, 15 günlük tussaglyga höküm etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini 30-njy dekabrda Nawalnä garşy bildirilýän aýyplamalaryň «syýasy äheňli bolup görünýändigini» aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jeff Rathke Waşingtonyň Alekseý we Oleg Nawalnylara garşy çykarylan «günäli» diýen hökümden «biynjalyk bolandygyny» aýtdy.

Orsýet Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini tankydy bellikleri üçin ýazgaryp, olary arassa jenaýatçylykly işleri syýasylaşdyrmakda we rus sud sistemasyna basyş etmekde aýyplady.

Eýýäm 5 ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilen Nawalnyý özüniň hiç bir bikanun iş etmändigini, özüne bildirilýän aýyplamalaryň korrupsiýa garşy derňew baradaky çagyryşlaryny sem etmek ugrundaky kampaniýanyň bir bölegidigini öňe sürýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG