Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guwantanamo: 5 tussag Gazagystana berler


Birleşen Ştatlar Guwantanamo Beý türmesinde saklanýan 5 tussagy boşadyp, Gazagystana iberdi.

Olaryň üçüsi ýemenli, ikisi bolsa tunisli. Bu bäş adamyň tussag edilenine on ýyldan gowrak wagt bolupdyr.

Olar Pakistanda, «Al-Kaýda» jeňçi topary bilen ilteşiklilikde güman edilip saklanypdyr.

Pentagon 30-njy dekabrda bu adamlaryň ençeme barlagdan soň, «biragyzdan» başga ýere geçirilmeli edilendigini aýtdy.

Olar jenaýatçylyk aýyplamalaryndan boşadylyp, howpsuzlyk aladalary sebäpli öz ýurtlaryna iberilip bilinmeýän onlarça tussagyň hataryna girýär.

Pentagonyň beýanatynda bu adamlaryň boşadylmagy Guwantanamo Beý türmesindäki tussaglaryň sanyny 127-ä getirýär diýilýär.

XS
SM
MD
LG