Sepleriň elýeterliligi

Tähranyň howasy hassa edýär


Eýranyň paýtagty Tährandaky howa hapalanmasy 400-e golaý adamyň ýürek we dem alyş keselleri esasynda hassahana düşmegine sebäp boldy.

Tähranyň adatdan daşary hyzmatlar resmisi Hassan Abbas 30-njy dekabrda şäheriň hapa howasynyň 1434 adamyň şu hili dertler üçi öýlerinde bejerilmeli bolandygyny aýtdy.

Tähran resmileri ýarawsyz we gartaşan adamlaryň öýlerinde oturmagyna ýa-da köp gatnawly ýollardan çekeräk durmaklaryna çagyrdylar.

Tähranyň ilaty 12 million çemesi adam bolup, bu şäher dünýäniň howasy hapalanan uly şäherleriniň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG