Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan sosial ulgamlary çäklendirýär


Täjigistanda 30-njy dekabrda YouTube, Odnoklassniki ýaly sosial ulgam saýtlaryna girip bolmady.

Ýurduň çar künjegindäki internet ulanyjylar ir ertirden başlap bu saýtlara girip bilmändiklerini aýtdylar. Käbirleri bu saýtlara proksileriň üsti bilen girendiklerini aýtdylar.

Internet hyzmatlaryny edýän esasy gulluklaryň biriniň adynyň aýdylmazlygyny soran resmisi döwlet Kommunikasiýa hyzmatlary agentliginden bu iki websaýty wagtlaýyn petiklemek barada dilden buýruk berlendigini aýtdy.

Ol bu işiň öňüni alyş çäreleri bilen baglydygyny aýtdy. Emma Kommunikasiýa hyzmatlary agentligi bu aýdylýanlary ret etdi.

Şu ýyl Täjigistanda YouTube, Odnoklassniki, şeýle-de Facebook we Gmail ençeme gezek petiklenip taşlandy.

XS
SM
MD
LG