Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafy öldürjek bolan asyldy


Pakistan 2003-nji ýylda ozalky harby ýolbaşçy Perwez Muşarrafyň janyna kast etmäge synanyşan adamy asyp öldürdi.

31-nji dekabrda ýerine ýetirilen jeza Pakistanyň 2008-nji ýylda doňduran ölüm jezasyny dikeldeli bäri jezalandyryp öldüren ýedinji tussagyna degişli.

Pakistandaky ölüm jezasy golaýda mekdebe edilen terror hüjüminde 150-den gowrak adam öldürilenden soň dikeldildi.

Peşawaryň merkezi türmesiniň resmisi 40 ýaşyndaky Niaz Mohammadyň asylyp öldürilendigini we onuň jesediniň garyndaşlaryna berlendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG