Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenleriniň Täze ýyl arzuwlary


Owgan türkmenleri

Owgan türkmenleri

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň 2014-däki soňky sany türkmenistanly we dünýäniň beýleki ýurtlarynda doglan hem ýaşaýan etniki türkmenleriň Täze ýyl arzuwlaryna bagyşlandy.

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň ýylyň dowamynda efire berlen gepleşiklerinde dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň eden gürrüňlerinden mälim bolşuna görä, Türkmenistandan çykyp, daşary ýurtlarda iş, okuw gözleginde bolan türkmenleriň onlarçasy ýurtlaryna dolanmak we yzyna, daşary ýurda çykmak kynçylyklaryna uçrady, taryhy wakalar esasynda Türkmenistandan aýrylan etniki türkmenleriň bir topary bolsa, ata watanlaryna baryp görmek arzuwyna ýetip bilmedi.

Yrak, Siriýa ýaly uruş ýagdaýynda ýaşaýan ýurtlarda galan etniki türkmenler bolsa, Türkmenistandan kömege, bugdaý söze garaşdy.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň Täze, 2015-nji ýylyň arzuwlaryna bagyşlanan ýörite sanyny diňläp, öz arzuwlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG