Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Kubadaky ýagdaýa alada bildirýär


Birleşen Ştatlaryň hökümeti kubaly aktiwisitleriň birnäçesiniň ýa tussag edilmegi, ýa öý tussaglygyna salynmagy bilen bagly «çuňňur aladasyny» beýan etdi.

Döwlet departamentiniň 31-nji dekabrdaky beýanatynda Kubanyň hökümetiniň tankytçylary ýuwaşatmak üçin ýanamalary we bikanun tussag etmeleri, käte bolsa zorluk ulanmagy ýazgarylýar.

Kubanyň raýat jemgyýetiniň maglumatyna görä, Kuba dekabr aýynda azyndan 10 aktiwiste garşy çäre gördi.

Bu tussag etmeler Hawanada planlaşdyrylýan oppozisiýa ýygnanyşygynyň öňüni almaga gönükdiriline çalym edýär.

XS
SM
MD
LG