Sepleriň elýeterliligi

Palestina HJS-a goşulmakçy bolýar


Palestinanyň lideri Mahmud Abbas Halkara Jenaýat suduna goşulmak baradaky dokumentlere gol çekdi.

31-nji dekabrdaky ädim palestin häkimiýetlerine Ysraýyly uruş jenaýatynda aýyplap, jogapkärçilige çekmeklige ýol arçaýar.

Bu ädim BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýylyň palestin territoriýalaryndan çykarylmagyna we 2017-nji ýylda palestin döwletiniň döredilmegine çagyrýan rezolýusiýany kabul edip bilmezliginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Halkara Jenaýat sudy gyrgynçylykda, adamzada garşy jenaýatda we uruş jenaýatlarynda aýyplanýanlary jogapkärçilige çekip bilýär.

Palestinanyň Halkara Jenaýat suduna goşulmagy baradaky herekete Ysraýyl we Birleşen Ştatlar berk garşylyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG