Sepleriň elýeterliligi

Ruhany YD-a esger toplamakda aýyplandy


Bosniýanyň sudy musulman ruhanysyny Siriýadaky we Yrakdaky YD jeňçileriniň hatarynda söweşmek üçin esger toplamakda aýyplady.

Döwlet sudunyň 31-nji dekabrdaky kararynda Bilal Bosniç «2013-nji we 2014-nji ýyllaryň dowamynda beýlekileri bile-göre, dini wezipesini ulanyp, terrorçy guramalara goşulmaga il ortalaýyn hyjuwlandyrdy" diýilýär.

Şeýle-de ol terror toparyny gurnamakda aýyplandy.

Bosniç sentýabrda, Bosniýadaky Salafi hereketiniň resmi bolmadyk lideri hökmünde tussag edildi.

Ekspertler 150 çemesi bosniýalynyň Siriýadaky raýat urşunda söweşmäge gidendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG