Sepleriň elýeterliligi

Owgan toýunda 20 adam öldi


«Talyban» pitneçileri bilen owgan esgerleriniň arasyndaky söweş mahaly atylan raketa Owganystanyň Helmand welaýatynda tutulan bir toýda azyndan 20 adamy öldürdi.

Polisiýanyň sözçüsi Farid Ahmed Obaýd bu raketanyň, ölenlerden başga, azyndan 45 adamy ýaraly edendigini aýtdy.

Raketa «Talybanyň» mesgeni bolan Sangin etrabynda, owgan howpsuzlyk güýçleriniň 31-nji dekabrda pitneçilere garşy söweşen ýerinde bir howla gelip urupdyr.

Birleşen Ştatlaryň harbylary bu ýerden alty aý ozal çykypdy. Raketanyň pidasy bolanlaryň köpüsiniň aýallar we çagalardygy aýdylýar.

Owganystanyň 350 müň esgerli howpsuzlyk güýçleri 1-nji ýanwardan ýurduň howpsuzlyk jogapkärçiligini doly öz üstüne aldy. Geçen ýlyň aýagynda NATO bu ýurtdaky 13 ýyllyk söweş missiýasyny tamam etdi.

XS
SM
MD
LG